Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Gazagystan Ermenistana Eýranyň we Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamagy teklip etdi
Ýakynda Ýerewanda Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Gazagystanyň «Astana» diplomatik klubunyň işewürlik forumy geçirildi.

«TULM» CASCA+ ugry boýunça ýük daşamalarynda ýeňillikli nyrhlary hödürleýär
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ aşakdaky görkezijilere laýyklykda, CASCA+ ugry boýunça ýük daşamalarynda aýratyn ýeňillikli nyrhlary hödürleýär:

Pakistan-Türkmenistan: üstaşyr söwda ylalaşygyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Möwlamow 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde Aiwan-e-Sadr köşgünde Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda Pakistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin Türkmenistan bilen üstaşyr söwda ylalaşygynyň ýakyn wagtda gol çekilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy kabul edildi
2-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

«PostShop» marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «PostShop» internet söwda meýdançasy Aşgabatda özüniň ilkinji oflaýn dükanyny açmak bilen, müşderileri üçin mümkinçilikleriniň gerimini giňeltdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
1-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde, talyp ýaşlaryň arasynda Türkmenbaşy şäher Prokuraturasynynyň, Türkmenbaşy şäher Polisiýa bölüminiň, Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda “Ýaşlara ynam geljege gadam” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 61-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Aşgabatda taksi awtoulaglaryna sürüjiler kabul edilýär
"Awtomobil ulag hyzmaty" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti "BC" topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjileri ýeñil taksi awtoulaglaryna işe kabul edýär.

Türkmenistanda «Amul ― Hazar 2024» halkara awtoralli ýaryşyny geçirmek meýilleşdirilýär
Şu ýylyň 9 ― 15-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanda «Amul ― Hazar 2024» halkara ralli-reýdini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde teklip berildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.