Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Şalwa Papuaşwili: Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda uçar gatnawlaryny ýola goýmak ähmiýetlidir
9-njy aprelde Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşan Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili habarçylara beren beýanatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, hususan-da “Merkez geçelge” taslamasyny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.

Geçen ýyl Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda $120 milliona golaýlady
Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň jemleri boýunça 118,36 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada “Biznes reklama” gazeti duşenbe güni habar berdi.

«Türkmenhowaýollary» üç aýlyk meýilnamany 164,7 göterim berjaý etdi
«Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça şu ýylyň ilkinji üç aýynda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilen mukdary 164,7 göterime deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümetiň ýylyň üç aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlsiinde hasabat berdi.

Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen halkara awtomobil gatnawlary hakyndaky Ylalaşygy tassyklady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak barada» Kanuna gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.

AŞTU: «Call center» — siziň biznesiňiz üçin
Hyzmatlaryň ýokary derejeli bolmagyna we müşderiler bilen hyzmatdaşlygy netijeli ýola goýmaga ymtylýarsyňyzmy?

«Türkmenawtoulaglary» ýük awtoulaglarynyň sürüjilerini işe çagyrýar
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «C» sürüjilik derejesi (sürüjilik şahadatnamasynda «C» derejesi görkezilen) bolan Türkmenistanyň raýatlaryny işe çagyrýar.

Aşgabatdaky halkara hokkeý ýaryşyna 10 topar gatnaşar
15 ― 20-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek hokkeý boýunça halkara ýaryşa 10 döwletden 10 topar gatnaşar.

Türkmen-özbek umumy serhedi kesgitlemek boýunça Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görülýär
Türkmenistan we Özbegistan iki ýurduň arasyndaky Döwlet serhedini kesgitlemek boýunça Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegi meýilleşdirýär.

Ertir – Oraza baýramy bellener
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistan Minsk şäherinde geçirilen ulag-logistika maslahatyna gatnaşdy
Foruma gatnaşyjylar GDA ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda netijeli demirýol daşamalary ulgamyny ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.