Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

«Turkish Airlines»: Aşgabat – Stambul – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň amatly tertibi
Türkiýäniň meşhur awiakompaniýasy bolan «Turkish Airlines» Aşgabat – Stambul – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň amatly tertibini hödürlemäge şatdyr. Ýolagçylar hepdede 11 gatnawdan peýdalanyp bilerler, bu bolsa syýahatlar meýilleşdirilende has amatlylygy üpjün edýär.

Aşgabat awtoulag kärhanasy ýük daşamak boýunça hyzmatlary hödürleýär
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabat awtoulag kärhanasy ulag serişdelerinde ýük daşamak boýunça hyzmatlary hödürleýär. Ýükler şu aşakdaky ulag serişdelerinde daşalýar:

AŞTU Aşgabat şäher telefon ulgamy hyzmat ediş nokatlarynyň hereket edýändigini ýatladýar
Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) paýtagtymyzda hyzmat ediş nokatlarynyň hereket edýändigini ýatladýar. Töleg nokatlary ertirden agşama çenli işleýär. Aşakda AŞTU-nyň saýtynda hem elýeterli bolan hyzmat ediş nokatlarynyň salgylary barada maglumat getirilýär.

Belarusda “TIBO internet baýragy” bäsleşigine gatnaşmaga ýüz tutmalar kabul edilip başlandy
Belarusda “TIBO internet baýragy” bäsleşigine gatnaşmaga ýüz tutmalar kabul edilip başlandy diýip, BELTA ýurduň Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ministrligine salgylanyp habar berýär.

Türkmenistan «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup Milli gününi geçirer
Türkmenistan «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup, has takygy, serginiň açylyşynyň ertesi güni 14-nji aprelde Milli gününi geçirer. Bu barada «Orient» habar berýär.

Türkmenbaşydaky awtoulag kärhanasy B we D derejeli sürüjileri işe çagyrýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Munuň özi halkymyza ygtybarly ulag hyzmatlaryny hödürlemekde diýseň möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde ýük daşamagyň mukdaryny artdyrdy
Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2023-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 14,1 % ýokarlandy we 586,5 müň tonna ýetdi. Bu barada mmf.com.tm saýtynda habar berildi.

Kosmonawtika güni mynasybetli Aşgabatdaky Gagariniň heýkeline gül goýmak dabarasy bolar
12-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminiň çäginde ýerleşýän (Aşgabat şäheri) kosmonawt Ýuriý Gagariniň heýkeline gül goýmak dabarasy bolar. Bu çäre kosmonawtika gününe we adamyň kosmosa uçmagynyň halkara gününe bagyşlanýar.

BMG Türkmenistanyň Owganystan bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýär
Ýakynda Baş konsullygyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň Hyrat şäherindäki wekilhanasynyň täze bellenilen ýolbaşçysy hanym Tomoko Kutoba bilen Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolowyň arasynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi. Bu barada Baş konsullyk habar berýär.

Türkmen işewürleri Eýranda geçiriljek halkara sergä gatnaşyp bilerler
Türkmen kompaniýalarynyň wekilleri dokma önümleriniň «SITEX2024» 16-njy halkara sergisine gatnaşyp bilerler. Sergi şu ýylyň 4-7-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň Isfahan şäherinde geçer.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.