Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Paýtagtymyzda demir ýollaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ýokary wekiliýetli halkara maslahatynyň işine badalga berildi
Şu gün, 15-nji aprelde paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady.

Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň maslahaty geçiriler
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

“Senagat töleg” ykjam programma bilen meýletin haýyr-sahawat serişdelerini tölemek mümkinçiligi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, şol sanda haýyr-sahawat etmek maksady bilen, menzilara töleg etmek hyzmatlaryny işe girizmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Täze kitabyň tanyşdyryş dabarasyna bagyşlanan çäre
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy ” ýyly şanly wakalary peşgeş berýär. Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan edilen taryhy ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininiň, jöwher paýhasynyň miwesi bolan “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bagtyýar halkymyzda çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi.

Türkmenistanda gämi gurluşyk pudagynda täze belentlikler
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Agentligiň wekilleri hem-de Royal IHC Niderlandlar Patyşalygynyň kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Brýusselde geçirilen ýokary derejeli ýygnakda ara alnyp maslahatlaşylan, ýurdumyz üçin ileri tutulýan meseleleriň biri bolan Türkmenistanyň içerki suw ýollarynyň, deňiz we derýa kanallarynyň düýbüni çuňaltmak meselesi barada aýdylyp geçildi.

Türkmenistanyň BMG-niň edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew bilen iş sapary bilen Ženewada bolan Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory Alekseý Borodiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Aşgabat demir ýol ulaglarynyň ýolbaşçylaryny kabul etmäge taýynlanýar
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti duýduryş we aragatnaşyk ulgamlary üçin kabel satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-041 belgili açyk halkara tender yglan edýär

TDHÇMB-da anna güni eksport geleşikleri $10 milliona golaýlady
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 9 million 947 müň 950 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň petekleri satylyp başlandy
15 — 20-nji aprelde Aşgabat ýene biri iri sport baýramçylygyny kabul eder. Türkmen paýtagtynda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler. Ýaryşyň dartgynly duşuşyklary paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly we kiçi arenalarynda geçiriler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.