Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1661e051e25dc2.jpeg
1 ýyl ozal
«Bagtyýar» paromy Türkmenistandan Russiýa üsti ýükli awtoulaglary eltdi

2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetine degişli bolan «Bagtyýar» Ro-Pax kysymly paromy şu ýylky Türkmenbaşy portundan Olýa portuna ilkinji saparyny üstünlikli amala aşyrdy. Paroma azyk önümleri bilen doldurylan tirkegli 40 sany ýük awtoulagy ýüklenendir diýlip, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

1661e00ceb96e9.jpeg
1 ýyl ozal
Demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak — Türkmenistanda geçirilýän forumyň esasy maksady

Düýn paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar.

1661e03f28c7e3.jpeg
1 ýyl ozal
Aşgabatda taksi awtoulaglaryna sürüjiler kabul edilýär

"Awtomobil ulag hyzmaty" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti "BC" topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjileri ýeñil taksi awtoulaglaryna işe kabul edýär.

1661d011e3441e.jpeg
1 ýyl ozal
Hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň "Sport" myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda türkmen paýtagtynda geçirilýän şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum boldy. Bu barada TDH habar berýär.

1661d066465e2a.jpeg
1 ýyl ozal
Paýtagtymyzda demir ýollaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ýokary wekiliýetli halkara maslahatynyň işine badalga berildi

Şu gün, 15-nji aprelde paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady.

1661aebf9ecc00.jpeg
1 ýyl ozal
Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň maslahaty geçiriler

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

1661aeb911f9b4.jpeg
1 ýyl ozal
“Senagat töleg” ykjam programma bilen meýletin haýyr-sahawat serişdelerini tölemek mümkinçiligi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, şol sanda haýyr-sahawat etmek maksady bilen, menzilara töleg etmek hyzmatlaryny işe girizmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

1661aea81a358d.jpeg
1 ýyl ozal
Täze kitabyň tanyşdyryş dabarasyna bagyşlanan çäre

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy ” ýyly şanly wakalary peşgeş berýär. Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan edilen taryhy ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininiň, jöwher paýhasynyň miwesi bolan “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bagtyýar halkymyzda çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi.

1661aecb265281.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda gämi gurluşyk pudagynda täze belentlikler

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Agentligiň wekilleri hem-de Royal IHC Niderlandlar Patyşalygynyň kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Brýusselde geçirilen ýokary derejeli ýygnakda ara alnyp maslahatlaşylan, ýurdumyz üçin ileri tutulýan meseleleriň biri bolan Türkmenistanyň içerki suw ýollarynyň, deňiz we derýa kanallarynyň düýbüni çuňaltmak meselesi barada aýdylyp geçildi.

1661ae90fe1a45.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň BMG-niň edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew bilen iş sapary bilen Ženewada bolan Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory Alekseý Borodiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.