Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde smartfonlaryň öndürilişi 6% artdy
Halkara gözleg kompaniýasy IDC-iň deslapky hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde smartfonyň öndürilişi 285,4 million birlige ýa-da geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6,5% artdy. Bu eýýam yzygiderli dört çärýek satuwda gazanylan ösüşidir.
Aragatnaşyk pudagynyň halkara birikmeleri
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň edara-binalary ýurdumyzyň ähli künjeginde ýerleşip, aragatnaşyk ulgamynyň amatly we giň gerimli hyzmatlaryny yzygiderli artdyrýar.
“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar
Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde 5-nji iýulda badalga alan “Ýüpek ýoly” halkara ralli ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarays geçirildi. Bu dabarada Türkmenistanyň türgenleri hem ýeňijileriň arasynda orun aldy. T2 kategoriýasynda bäsleşen doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler 2-nji orny, Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmedow bolsa 3-nji orny eýeledi.
Dünýäde täze uçarlara bolan isleg artar
2024-2043-nji ýyllarda täze ýolagçy we ýük uçarlaryna bolan isleg 42,430 müň uçara deň bolar. Bu barada “Airbus” aerokosmos korporasiýasynyň 2023-nji ýyldaky global bazar çaklamasynda beýan edilýär.
Hytaýdan gelýän üstaşyr otlusy Türkmenistanyň üstünden Eýrana geçer
Eýranyň Hytaýdaky ilçisi Hytaýyň üstaşyr otlusynyň Gazagystanyň we Türkmenistanyň serhetlerinden geçensoň, «Inçeburun» barlag-geçiş nokadyndan Eýrana geçjekdigini aýtdy.
"Halkbank" sanly hyzmatlaryny ornaşdyrdy
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky täze «Sanly karz» ulgamyny işläp düzdi we ornaşdyrdy. Innowasiýa hyzmaty raýatlaryň karz almakda sanly ulgamy ulanmak arkaly artykmaçlyklary döretmek ýaly internet arkaly uzakdaky müşderi hyzmatyny üpjün edýär.
Deňizde ýük daşama nyrhlarynyň ýokarlanmagynyň sebäpleri
Aprel aýynyň ahyry bilen iýun aýynyň başy aralygynda deňiz ugurlary boýunça ýük daşamagyň derejesi 74% ýokarlandy. «Drewry» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri we üpjünçilik zynjyrynyň geňeşçiler bölüminiň başlygy Filip Damas nyrhlaryň düýpgöter ýokarlanmagyna sebäp bolan esasy faktorlara ünsi çekdi.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň türgenleri «Ýüpek ýoly – 2024» ralli-reýdinde ikinji orny eýelediler
5-15-nji iýul aralygynda Russiýa Federasiýasyndan Mongoliýa Respublikasyna uzan «Ýüpek ýoly – 2024» ralli-reýdi 11 tapgyrdan ybarat boldy. 5 243,13 kilometrlik menzile uzan halkara ýaryşyna 9 döwletden (Russiýa Federasiýasy, Belarusiya, Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasy, Şwesariýa, Owganystan, Sirýa Arap Respublikasy, Serbiýa, Türkmenistan) türgenler gatnaşdylar.
Täze awtobus ugry işe girizildi: 72-lik belgili gatnaw «Awtokombinat — Awtomenzil» ugry boýunça hereket eder
Ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 2024-nji ýylyň 14-nji iýulyndan 72-nji «Awtokombinat — Awtomenzil» täze awtobus ugruny ýola goýdy.
«Ýüpek ýoly 2024»: Onunjy tapgyr Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažynyň ýeňşi bilen jemlendi
14-nji gezek guralýan «Ýüpek ýoly» rallisiniň onunjy tapgyrynyň geçirilen güni hem gatnaşyjylar üçin garaşylmadyk synaglara baý boldy. Bu tapgyr Mongoliýanyň Baýanhongor we Mandalgobi sebitlerini birikdirdi. Geçilmeli menzil 562, 86 kilometre barabar boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.