Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula gatnawlaryň sanyny artdyrdy
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatdan Stambula uçuşlaryň sanyny hepdede dörtden bäş gezege çenli artdyrdy. Muny awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndaky awiapetekleriň satuwy baradaky maglumatlar hem görkezýär.
«Balkan» ýük gämisi Azerbaýjana ýük daşamak üçin ulanylar
2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ÝGPJ «Balkan» ýük gämisini Türkmenbaşy — Baku — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük konteýnerlerini daşamak üçin ulanar. Bu barada wzglyad.az saýtynda habar berilýär.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat ― Frankfurt uçuşlarynyň sanyny azaltdy
Maýn boýundaky Frankfurt şäheriniň halkara howa menziliniň berýän maglumatlaryna görä, hepdede iki gezek amala aşyrylýan uçuşlar gyş meýilnamasynada bir gezege geçirildi.
Russiýada demir ýol ýük daşamalary üçin nyrhnamalar 8% ýokarlandy
Russiýanyň demir ýol infrastrukturasy arkaly ýük daşamak üçin nyrhnamalar 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 8 göterim ýokarlandyryldy. Bu barada Antimonopoliýa federal gullugynyň Russiýanyň kanuny maglumatlarynyň resmi web sahypasynda ýerleşdiren buýrugyna salgylanyp, TASS habarlar gullugy ýekşenbe güni habar berdi.
2022-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistan-Hytaý ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $10,12 milliarddan geçdi
Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça täze ýyldan fider gatnawlary ýola goýlar
“Deňiz söwda floty” ÝGPJ 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap fider gatnawlaryny ösdürmek üçin Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça “Balkan” gämisiniň konteýner gatnawlaryny ýola goýar.
«FlyDubai» awiakompaniýasynyň BAE — Türkmenistan we yzyna gaýdyş uçuş tertibi belli boldy
«FlyDubai» awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat şäherine yzygiderli howa gatnawlaryň tertibi Dubaý howa menziliniň meýilnamasyna girizildi. Uçuşlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda başlar we hepdede iki gezek bolar. «FZ731» reýsleri duşenbe we penşenbe günleri Dubaýdan Aşgabat şäherine, Aşgabatdan Dubaýa «FZ732» uçuşlary sişenbe we anna günleri amala aşyrylar.
Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana ýük düzümi geçer
Russiýa Federasiýasynyň demirgazygynda ýerleşýän Kareliýa Respublikasyndan çaphana kagyzlary ýüklenen otly düzümi «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň üsti bilen Hindistana eltiler. Bu barada «RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýeti habar berýär.
Arkadag şäherinde raýatlarymyza «JAC E-J7» elektromobilleri hyzmat eder
«JAC E-J7» dolulygyna elektrikleşdirilen ulag bolup, ol ýokary hilli ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Ulag 193 at güýjüne eýe bolan hereketlendiriji bilen üpjün edilipdir. Elektromobil 0-dan 100 km-e çenli tizlige bary-ýogy 5,9 sekuntda ýetýär.
«FlyDubai» Aşgabada göni howa gatnawlaryny dikelder
«FlyDubai» awiakompaniýasy Dubaý ― Aşgabat ― Dubaý arasyndaky göni howa gatnawlaryny dikelder. Bu barada Gulf Business habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.