Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16503e2eab8a30.jpeg
1 ýyl ozal
Arkadagly Serdarymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.

16503e0d6ad0f2.jpeg
1 ýyl ozal
Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi.

1650296c72013d.jpeg
1 ýyl ozal
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde koreýaly kärdeşler bilen gämigurluşyk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

"Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlary assosiasiýasynyň (KOMEO) we “Koryo Shipbuilding” kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Onda Türkmenistanyň milli söwda flotyny ösdürmäge gönükdirilen gämigurluşyk pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine seredildi. Söhbetdeşler gury ýük gämilerini we paromlary gurmak işlerine aýrtyn üns çekdiler.

16502957bbd52b.jpeg
1 ýyl ozal
Özbegistan we Russiýa Türkmenistanyň üstünden ýük aragatnaşygyny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen Russiýa Federasiýasynyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew bilen geçirilen gepleşiklerde Özbegistan – Türkmenistan – Hazar deňzi – Russiýa multimodal ugruny işe girizmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

16502947a2ef49.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenpoçta» Türkmenistanyň çäginde nagt we nagt däl pul geçirimlerini ýerine ýetirýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň poçta bölümleri arkaly pul geçirmek hyzmatlaryny hödürleýär.

165013fe1e08b5.jpeg
1 ýyl ozal
AŞTU resmi saýtynyň web-salgysyny üýtgetdi

Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) özüniň resmi saýtyna giriş salgysyny täzeledi. Indi AŞTU-nyň saýty iň ýokary derejeli domen ady – (.tm) domeni bilen hasaba alyndy.

165013e41cf04b.jpeg
1 ýyl ozal
"Akylly" syýahatçylyk we göni howa gatnawlary: Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi

Pandemiýa hadysalaryndan soň, syýahatçylygy nädip janlandyrmaly? Bu babatda Merkezi Aziýa döwletleri koreý syýahatçylaryna näme teklip edip bilýär? Bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi nähili? Şu we beýleki soraglar "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň guramagynda we beýleki 5 döwletiň ilçihanalarynyň ýardam bermeginde Seul şäherinde geçirilen "tegelek stol" maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

164ffebe9a5531.jpeg
1 ýyl ozal
«Ynamly taksi» Arkadag şäheriniň we Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin elýeterli boldy

«Awtoulag kärhanalar birleşigi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda onlaýn taksi çagyrmak hyzmatynyň işe girizilendigini habar berýär. Taksini «0656» gysga belgä jaň edip ýa-da «Ynamly taksi» mobil goşundysy arkaly sargyt edip bolýar.

164fea3dacb0f2.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda daşary ýurtlara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe daşary ýurtlara amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamagy, awiapetekleri sanly ulgam arkaly satyn almak üçin şertleri gowulandyrmagy tabşyrdy.

164fea25cf3d00.jpeg
1 ýyl ozal
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleri Duşanbe şäherinde duşuşarlar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleri şu ýylyň 13-nji sentýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde duşuşarlar. Täjigistanyň ulag ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşyk 14-15-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçiriler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.