Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
161fddd5dbbc54.jpeg
4 ýyl ozal
Fiziki şahslar, döwlet hem-de hususy kärhanalar üçin awtobuslary onlaýn görnüşde kärendä almak hyzmaty ýola goýuldy

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy fiziki şahslara, şeýle-de hususy kärhanalara we döwlet edaralaryna awtobuslary onlaýn görnüşde kärendesine almak hyzmatyny hödürleýär.

161faa1eb52964.jpeg
4 ýyl ozal
“Duralga” ykjam goşundysy – ýolagçylaryň sanly komekçisi

“Türkmenawtoulaglary” agentligi Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy bilen bilelikde Aşgabadyň ýaşaýjylaryna paýtagtyň jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi we ähli awtobus duralgalarynyň ýerleşýän ýeri barada maglumat almak üçin döredilen täze “Duralga” ykjam goşundysyny hödürleýär. Ykjam goşundy häzirki wagtda Android operasion ulgamyna ýükläp almak üçin elýeterdir.

161fa9d63156c6.jpeg
4 ýyl ozal
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna «Onlaýn taksi» sargyt hyzmaty işe girizildi

Aşgabatda taksi sargyt etmegiň täze hyzmaty bolan «Onlaýn taksi» ykjam goşundysy işe girizildi. Bu hyzmaty «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýola goýdy.

161fa9341dbe75.jpeg
4 ýyl ozal
Täze halkara üstünlikler we giň gerimli maksatlar

Dünýä derejesindäki bilim, ylym we innowasiýa ösüşlerini kämilleşdirýän hem-de telekommunikasiýa we informatika pudagynda mümkin bolan hyzmatlarynyň täze ugurlaryny durmuşa ornaşdyrýan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýurdumyzyň abraýly bilim ojaklarynyň hatarynda ýaş tehnologiýa hünärmenlerini taýýarlaýar.

161fa953d4a1ef.jpeg
4 ýyl ozal
Türkmenistanda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýynyň anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary ulanylmaga berildi

Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Ahal welaýatynyň Gökdepe, Bäherden, Tejen, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Lebap welaýatynyň Kerki, Mary welaýatynyň Baýramaly etraplarynyň we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölümleriniň ýanynda Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýynyň anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary ulanmaga berildi.

161f6d67c74dee.jpeg
4 ýyl ozal
Ýurdumyzda awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň we ýapylmagynyň tertibi barada karar kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­ň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, aw­to­bus ugur­la­ry­nyň açyl­ma­gy­nyň, üýt­ge­dil­me­gi­niň, ýa­pyl­ma­gy­nyň Ter­ti­bi­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

161f6d237d9ef3.jpeg
4 ýyl ozal
ULAG DIPLOMATIÝASY — ÜSTÜNLIKLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýar, günsaýyn ösýär, özgerýär, üstünlikleriň iň täze sepgitlerine eýe bolýar. Şeýle ösüşler ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, hususan-da ulag pudagynda hem gazanylýar.

161f0aed9ba25c.jpeg
4 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Täjigistany göni demir ýol gatnawy birikdirer

Täjigistanyň Wekiller palatasy duşenbe güni Türkmenistan bilen demirýol ulagy pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky şertnamany tassyklady. Bu barada Täjigistanyň mejlisiniň resmi web saýty habar berdi.

161f0afd0b6e83.jpeg
4 ýyl ozal
AGTS "Belet Film" onlaýn kinosy üçin IP týunerlerini hödürleýär

2021-nji ýylyň dekabrynda "Aşgabat şäher telefon ulgamy" ÝGPJ üpjünçisiniň ulanyjylary üçin “Belet Film” onlaýn kino hyzmaty elýeterli boldy. Bu hyzmat diňe internet enjamyna däl-de, diňe IP enjamyna birikmek arkaly mümkindir. Hyzmaty AGTS-iň resmi web sahypasyndaky şahsy hasabyňyz arkaly birikdirip bilersiňiz.

161ef07a0d68b8.jpeg
4 ýyl ozal
ÝÜK HOWLULARY – SEBIT ÄHMIÝETLI ÝÜK GATNAWLARYNYŇ MÖHÜM NOKADY

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbaňlandyrylýan ösüşleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň ulaglar düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy dowam etdirilýär. Muny ýurdumyzyň ulaglar ulgamynda durmuşa geçirilýän beýik işlerden hem görmek bolýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.