Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
162183e1864dbb.jpeg
4 ýyl ozal
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy ýanwarda $26 milliondan geçdi

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda 26 million 300 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň duşenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

162159865b2306.jpeg
4 ýyl ozal
Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy sürüjileri işe çagyrýar

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy awtobuslarda sürüji bolup işlemäge isleg bildirýän «D» sürüjilik derejesi bolan raýatlary işe çagyrýar. Bu barada agentligiň resmi web saýtynda habar berilýär.

162159c18e09c3.jpeg
4 ýyl ozal
GARAGUMUŇ IÇINDÄKI ÝOL

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatiýasynyň dabaralanýan döwri boldy. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy hem hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. 17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň başlanmagy bilen baglanyşykly işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

1621597b4849e3.jpeg
4 ýyl ozal
Russiýa fewral aýynda üçünji gezek Türkmenistandan ýörite uçuşy guraýar

2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda «Sibir» howaýollarynyň Türkmenabatdan Moskwa nobatdaky ýörite uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirilýär. Degişli bildiriş Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň Telegram sahypasynda ýerleşdirildi.

16212f66e91ebc.jpeg
4 ýyl ozal
Türkmenistanda demir ýol arkaly konteýnerleri daşamagyň bahalary kesgitlenildi

Konteýnerleri Türkmenistanyň çäginde demir ýol ulaglary bilen daşamagyň 2022-nji ýylyň 1-nji martyndan 31-nji maýyna çenli degişli bahalary kesgitlenildi.

16212f4c6389a9.jpeg
4 ýyl ozal
AWTOULAGLARYŇ IŞ MÖHLETINI UZALTMAKDA TEHNIKI HYZMATYŇ ÄHMIÝETI

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda awtomobil ulaglary pudagynda ösüşleriň belent sepgitlerine ýetilýär. Ulag düzüminiň ösdürilmegi, awtomobil hem-de ulaglaryň beýleki görnüşleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr.

1621059f03a88e.jpeg
4 ýyl ozal
Ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi

Hormatly Prezidentimiziň Ruhyýet köşgünde geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli meseleler bilen bir hatarda, ulag-aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

1620db21a7d07a.jpeg
4 ýyl ozal
«Ulag Ýük Hyzmatlary» halkara ýük daşamalaryny guramagyň amatly hyzmatlaryny hödürleýär

Täze «Ulag Ýük Hyzmatlary» onlaýn hyzmatlar saýty ýük daşamalaryny has ýeňil usulda guramak işlerini hödürleýär. Bu saýt arkaly ýük gatnawlaryny amala aşyrmakda ýerine ýetirijileri we sargyt edijileri gözlemekden başlap, ýükleriň howpsuzlygynyň kepillendirilişine we saklanyşyna çenli ähli amallary ýeňil ýola goýmak bolýar.

1620bf5b55e50f.jpeg
4 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy fewral aýynyň ikinji ýarymynda amala aşyryljak içerki gatnawlaryň tertibini hödürledi

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, ýurduň dürli ugurlaryna amala aşyryljak uçuşlaryň gyş tertibi 2022-nji ýylyň 15-nji fewralyndan başlap güýje girizildi.

1620bf2c67e90f.jpeg
4 ýyl ozal
GEÇMIŞDEN ŞU GÜNE, ŞU GÜNDEN ─ GELJEGE UZAÝAN ÝOLLAR

Geçmişden şu güne, şu günden geljege barýan ýollar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda: «Şu günki gün ýurdumyzda ulag düzüminiň utgaş­dyrylan ulgamy döredilip, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginden uza­ýan halkara we sebitara ýollar dünýäniň gujagyna aralaşýar, ak ýollar halklary birleş­dirýär, yklymlary ýakynlaşdyrýar» diýip belleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.