Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
TULM: Eýranyň Inçeburun stansiýasyndan Hytaýa ilkinji konteýner otly ýola çykdy
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine anna güni beren maglumatlaryna görä, Inçeburunda gips ýükli 42 sany 40 futluk konteýner türkmen demir ýol wagonlaryna ýüklendi. Eýran-Türkmenistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça otly sişenbe güni ýola düşdi.
«HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY» halkymyzyň abadançylygynyň nusgasydyr
Taryha göz aýlasak, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyparahatçylygyň, dost-doganlygyň, durnukly ösüşiň ykbaly bilen baglap, Diýarymyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen has-da jebisleşendiginiň anyk mysalyny ýurdumyzda we halkara jemgyýetçiliginde bolup geçen nusgalyk duşuşyklaryň, çäreleriň, bitirilen beýik işleriň netijesinde aýdyň görýäris. Bu beýik ösüşleriň ählisiniň sakasynda Arkadag Prezidentimiziň älem-jahana ýaýýan belent taglymaty dur.
Ýurdumyzyň demir ýollary döwrebaplaşdyrylar
«Türkmendemirýollary» agentliginiň amala aşyrýan esasy maýa goýum taslamalary şu ýyl demir ýollaryň durkuny täzelemäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdiriler ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.
"Aşgabat şäher telefon ulgamy" ÝGPJ enjamlar bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär
"Aşgabat şäher telefon ulgamy" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tele we radio ýaýlym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak taslamasy üçin gerekli enjamlary hem-de ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek, gurnamak we işe girizmek boýunça halkara tender yglan edýär (ýerleşýän ýeri – Aşgabat ş.)
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň nobatdaky halkara üstünligi
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň ýaş ýokary okuw mekdepleriniň halkara görkezijiniň sanawyna – «THE World Young University Rankings-2022» girizildi.
Demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň Tertibi tassyklanyldy
“Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň Tertibi tassyklanyldy.
ÝURDUMYZYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY: YGTYBARLY HYZMATDAŞLYK UGRY
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulaglar pudagy toplumynda uly özgerişler we ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ulaglar ulgamynyň goşýan goşandy aýratyn bellemäge mynasypdyr. Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ulaglar düzümini düýpli, şol sanda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy dowam edýär.
Tehnika we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan ylmy maslahat geçiriler
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2022-nji ýylyň 12-13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriljek «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar.
AŞGABAT HALKARA HOWA MENZILINIŇ ÝÜK TERMINALY HYZMATLARYNY HÖDÜRLEÝÄR
Howa-ýük daşamak boýunça alnyp barylýan işler «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň esasy görnüşleriniň biridir. Aşgabat halkara howa menziliniň ýük terminaly sebitdäki iň uly logistika merkezine öwrülmäge ähli mümkinçilikleri bar. Ýük terminaly ýylda 200 tonna ýük daşamaga ukyplydyr
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.