Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
“Türkmen hemrasy” ÝGPJ hemra aragatnaşygy arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär
“Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti daşary ýurt we ýerli kompaniýalar üçin emeli hemra aragatnaşygy arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär. Kompaniýa Türkmenistanyň giň geografik çäklerini, Garagum çölüni we daglyk ýerlerini göz öňünde tutup, optiki süýümli kanalyň ýok ýerlerinde emeli hemra arkaly giň zolakly internet toruna birikdirmäge mümkinçilik döredýär.
TULM we “Demirýollary” Türkmenistanda ekspres ýük otlularynyň gatnawyny ýola goýdy
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde ekspres ýük otlylaryň ýörite gatnaw tertibini düzdi. TULM bu hyzmat bilen bir hatarda ýükleriň daşalmagynyň ähli tapgyrlaryny öz içine alýan logistika hyzmatlarynyň toplumyny hem hödürleýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy dünýä metbugatynyň sahypalarynda
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny toýlaýan eziz Watanymyz Türkmenistan halkara neşirleriň ünsüni özüne çekýär.
GARAŞSYZLYK SENASY – MIZEMEZ ÝURT BINASY
Garaşsyzlyk güni — biziň Baş baýramymyz özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi hem-de milli bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy bolup durýar.
«Altyn Asyr» ÝGPJ-i sanly hyzmatlaryny barha artdyrýar
Garaşsyzlyk ýyllarynda sanly ulgamyň gerimi ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine we ýaşaýyş-durmuş şertlerine has kämilleşdirilýän usullar bilen berk ornaşdyrylyp, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda aragatnaşyk ulgamynyň ähli pudaklary maddy-enjamlaýyn binýadyny dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýasy esasynda barha pugtalandyrýar.
YKLYMLARYŇ DOST-DOGANLYK ÝOLLARY
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda: «Şu günki gün ýurdumyzda ulag düzüminiň utgaşdyrylan ulgamy döredilip, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginden uzaýan halkara we sebitara deňiz, derýa, awtomobil, polat we howa ýollary dünýäniň gujagyna aralaşýar, ak ýollar halklary birleşdirýär, yklymlary ýakynlaşdyrýar» diýip belleýär.
ULAG ULGAMY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
Ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi häzirki wagtda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.
Paýtagtymyzda “Laçyn” seýilgähi ulanmaga berildi
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda häzirki zaman “Laçyn” seýilgähi we A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde gurlan täze ýerasty geçelgeler dabaraly ýagdaýda açyldy.
MILLI YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEKDE ULAG ULGAMYNYŇ ÄHMIÝETI
Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde köpugurly ulag düzümini döretmeklige uly üns berilýär. Türkmenistanyň çäk babatda amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag ulgamy hökmündäki berkeýän derejesini şertlendirýär.
ARKADAGYŇ SAÝASYNDA GARAŞSYZLYK ÝOLY BILEN
Eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny Arşa göteren hem-de jemgyýetimizi beýik maksatlaryň töweregine birleşdiren giň gerimli işler amala aşyryldy. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hem ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk we özara ynanyşmak syýasaty halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.