Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
163b5072cc35c6.jpeg
3 ýyl ozal
Russiýada demir ýol ýük daşamalary üçin nyrhnamalar 8% ýokarlandy

Russiýanyň demir ýol infrastrukturasy arkaly ýük daşamak üçin nyrhnamalar 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 8 göterim ýokarlandyryldy. Bu barada Antimonopoliýa federal gullugynyň Russiýanyň kanuny maglumatlarynyň resmi web sahypasynda ýerleşdiren buýrugyna salgylanyp, TASS habarlar gullugy ýekşenbe güni habar berdi.

163b28544884ac.jpeg
3 ýyl ozal
2022-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistan-Hytaý ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $10,12 milliarddan geçdi

163b2838540ce7.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça täze ýyldan fider gatnawlary ýola goýlar

“Deňiz söwda floty” ÝGPJ 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap fider gatnawlaryny ösdürmek üçin Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça “Balkan” gämisiniň konteýner gatnawlaryny ýola goýar.

163b27ef48fa83.jpeg
3 ýyl ozal
«FlyDubai» awiakompaniýasynyň BAE — Türkmenistan we yzyna gaýdyş uçuş tertibi belli boldy

«FlyDubai» awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat şäherine yzygiderli howa gatnawlaryň tertibi Dubaý howa menziliniň meýilnamasyna girizildi. Uçuşlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda başlar we hepdede iki gezek bolar. «FZ731» reýsleri duşenbe we penşenbe günleri Dubaýdan Aşgabat şäherine, Aşgabatdan Dubaýa «FZ732» uçuşlary sişenbe we anna günleri amala aşyrylar.

163ae6f9da15f1.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana ýük düzümi geçer

Russiýa Federasiýasynyň demirgazygynda ýerleşýän Kareliýa Respublikasyndan çaphana kagyzlary ýüklenen otly düzümi «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň üsti bilen Hindistana eltiler. Bu barada «RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýeti habar berýär.

163ae6db3cab45.jpeg
3 ýyl ozal
Arkadag şäherinde raýatlarymyza «JAC E-J7» elektromobilleri hyzmat eder

«JAC E-J7» dolulygyna elektrikleşdirilen ulag bolup, ol ýokary hilli ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Ulag 193 at güýjüne eýe bolan hereketlendiriji bilen üpjün edilipdir. Elektromobil 0-dan 100 km-e çenli tizlige bary-ýogy 5,9 sekuntda ýetýär.

163ae68be5235f.jpeg
3 ýyl ozal
«FlyDubai» Aşgabada göni howa gatnawlaryny dikelder

«FlyDubai» awiakompaniýasy Dubaý ― Aşgabat ― Dubaý arasyndaky göni howa gatnawlaryny dikelder. Bu barada Gulf Business habar berdi.

163acfdcec8160.jpeg
3 ýyl ozal
«Türkmenistan» aiwakompaniýasy BAE-niň paýtagtyna göni uçar gatnawyny dikeltdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine göni howa gatnawlaryny dikeltdi. Bu barada «Turkmenportala» awiakompaniýanyň Baş edarasyndan habar berildi. Iki ýyllyk arakesmeden soňra ilkinji uçuş 23-nji dekabrda Aşgabat şäherinden amala aşyryldy.

163ab25d277ab5.png
3 ýyl ozal
Täze ýyl baýramy mynasybetli ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlary

Hormatly ildeşler! Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Täze ýyl baýramy mynasybetli ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň has-da ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny üpjün etmegi maksat edinýär.

163aa7009eabd9.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky deňiz arkaly söwda dolanyşygy barha artdyrylýar

Eýranyň Türkmenistana eksporty häzirki Eýranyň senenamasynyň birinji sekiz aýynda (21-nji martdan 21-nji noýabra çenli) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35,58% ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Iranian Mehr” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.