Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
163221bf0495f5.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan BAE bilen bilelikdäki ulag-logistika kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň wekiliýeti Abu-Dabide birnäçe gepleşikleri geçirdi. BAE bilen bilelikdäki ulag-logistika kompaniýasyny döretmek we täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

163221a4c3bf69.png
3 ýyl ozal
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen üstaşyr ýükleriň möçberi artýar

Ýurdumyzyň deňiz portunyň üsti bilen Belarus Respublikasynyň önüm öndürijileriniň ýükleriniň köp mukdary, hususan-da, kaliý dökünleri üstaşyr eksporta iberilýär diýip, Astrahan sebitiniň senagat we tebigy baýlyklar ministri Ilýa Wolinskiý aýtdy.

163221f6933f8f.png
3 ýyl ozal
iOS 16 indi Türkmenistanda hem elýeterli

12-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da «Apple»-iň iOS ykjam operasiýa ulgamynyň 16-njy tapgyry türkmenistanly ulanyjylar üçin elýeterli edildi. Täzelenmäni talaba laýyk gelýän enjamlaryň ählisinde göçürip alyp bolýar. Has takygy, ol iPhone 8 we ondan soňky modelleriň ählisi üçin niýetlenendir.

1631f7fac42535.jpeg
3 ýyl ozal
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde söhbetdeşlik çäresi geçirildi

2022-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi.

1631e9c16ad37f.jpeg
3 ýyl ozal
Elektron infrastrukturanyň üstünlikleri milli ykdysadyýetimiziň özgeriş açarydyr

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar arkaly  milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmagyň ösüşi gazanylýar. 

1631cea5e917e9.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistana özbek traktor tirkegleriniň täze tapgyry getirildi

«Daşkent Agro Traktor» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan öndürilen 270 sany täze traktor tirkegleri Türkmenistana getirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.

1631ce9f1dff38.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanda halkara howa gatnawlarynyň ugurlary we sany köpeler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe halkara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça teklipleri taýýarlamak barada görkezme berdi.

1631bf80fc97c4.jpeg
3 ýyl ozal
Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň durnukly ösüşi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 9-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda  bolşy ýaly, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hem durnukly ösüş gazanylýar.

1631aa797e6473.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Özbegistan ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary 7-nji sentýabrda Daşkent şäherinde geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwdany ýakyn wagtda 2 milliard ABŞ dollaryna çenli ýokarlandyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

1631955165f581.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag-üstaşyr gatnaşyklaryny berkidýär

Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginde türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň azerbaýjan tarapyndan ýolbaşçysy, ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow bilen duşuşdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.