Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
ETREK STANSIÝASYNYŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI
Milli Liderimiziň taýsyz-tagallalary bilen, ähli ulgamlaryň arasynda demir ýol ulgamynyň hem örän wajyp pudaklaryň biri bolup durýandygy sebäpli, döwletimizi ösdürmegiň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde pudakda düýpli ösüşler amala aşyrylýar.
TÜRKMENISTANYŇ ÝOL-ULAG INFRASTRUKTURASY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ynamly ädimler bilen öňe barýar we dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öz eýeleýän ornuny berkidýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňden görüjilikli syýasatynyň saýasynda ähli ugurlarda üstünlik gazanylýar. Çalt depginler bilen ösýän wajyp pudaklaryň biri hem,ýol ulag aragatnaşygydyr.
Türkmen demir ýollarynda halkara ýük daşamalary 6 million tonnadan geçdi
Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli agentlikler tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabata görä, şu ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda demir ýol ulagy bilen halkara gatnawda 6,1 million tonna ýük daşalandygy bellenildi.
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ykjam goşundysyna ýükleri daşamak hyzmaty girizildi
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ykjam goşundysynda ýükleri we ýollamalary daşamak hyzmaty ýola goýuldy. “Ýükleri daşamak” düwmesi goşundynyň baş sahypasyndaky “Beýlekiler” bölümçesinde ýerleşdirilendir.
MILLI LIDERIMIZIŇ DÖREDIJILIKLI SYÝASATY – ULAG ULGAMYNYŇ ÖSÜŞINIŇ BINÝADY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz,Baky Bitarap Türkmenistan ynamly ädimler bilen öňe barýar we dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öz eýeleýän ornuny berkitýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňden görüjilikli syýasatynyň saýasynda ähli ugurlarda üstünlik gazanylýar. Çalt depginler bilen ösýän wajyp pudaklaryň biri hem,ýol ulag aragatnaşygydyr.
«Sanly çözgüt — IT meýdança» – tehnologik täzelikleriň okuw merkezi
Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudagynda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, IT ulgamynda taslamalary döretmek we tehnologiýa oýlap tapmalary durmuşa geçirmek babatynda degişli işler amala aşyrylýar.
Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň hem-de üstaşyr polat ýollarynyň kuwwatyny artdyrýar
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm ähmiýetli halkara forumlarda eden çykyşlary Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň kuwwatynyň barha artýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Ýurdumyzyň demir ýollarynyň durky täzelenýär
Häzirki wagtda «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan Bamy — Bereket demir ýolunyň relslerini düýpli abatlamak işleri alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet saýty habar berýär.
BAGTA UZAÝAN AK ÝOLLARDA TÜRKMENISTAN
Rowaçlyklara beslenýän bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar, ata Watanymyzdan dünýä uzaýan ýollaryň ýalkymy jahana nur saçýar. Adamzat durmuşynda möhüm orun eýeleýän ýollar alyslary ýakynlaşdyrýar, halklary birek-birek bilen dostlaşdyrýar we mähirli gatnaşyklara giň ýol açýar.
Internet ummany türkmen dili bilen baýlaşdyrylýar
Internet ulgamy Bütindünýä tehniki infrastrukturasynyň maglumatlaryny saklaýan we arabaglanyşyk gurnamak üçin halkara birleşdiriji tor hökmünde ýaşaýyş-durmuş ugurlaryna berk we üstünlikli ornaşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.