Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1618c0aae0c328.jpeg
4 ýyl ozal
Türkmenistan we Eýran ýük ulgamyny sanlylaşdyrmak meselelerini maslahatlaşdylar

Duşuşykda bilelikdäki gümrük gözegçiligi üçin ýeke gümrük postunyň döredilmegi barada pikir alyşylyp, “e-TIR” ulgamyny ornaşdyrmak mümkinçiligine garaldy.

1618ada3de1d27.jpeg
4 ýyl ozal
Türkmenabatdan Moskwa ýene bir ýörite uçuş guralar

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinden Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde nobatdaky ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk gullugynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda habar berilýär diýip, "Atawatan-Türkmenistan" ýazýar.

1618a2e4b097d7.jpeg
4 ýyl ozal
SANLY ULGAM ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINDE

Milli Liderimiz häzirki zaman jemgyýedäki hakyky gymmatlyklaryň maddy baýlykda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini hem-de päk zähmetleriniň netijesindedigini parasatlylyk bilen belläp geçýär.

16188d092e5240.jpeg
4 ýyl ozal
ARKADAG PREZIDENTIMIZIŇ ALADASY BILEN ÝURDUMYZ AJAÝYP KEŞBE EÝE BOLÝAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, täze gurulýan desgalaryň ýanaşyk ýerlerinde bag ekmek, seýilgäh toplumlaryny döretmek möhüm talaba öwrüldi. Olaryň tebigy gözelligi ynsana oňyn täsirini ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.

161882f5af22bb.jpeg
4 ýyl ozal
Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň durnukly ösüşi

Bu barada ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ýubileý ýylynyň 10 aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe şu toplum boýunça hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň meýilnamasy 110,5 göterim ýerine ýetirildi.

161882be34d2ba.jpeg
4 ýyl ozal
Taksi hyzmatynyň «Okuwçy» nyrhnamasy ýola goýuldy

Ilatyň awtoulag hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, şeýle-de döwrüň ösen talaplaryndan ugur alyp, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan taksi hyzmatynyň täze «Okuwçy» nyrhnamasy ýola goýuldy.

1618828e8ad814.jpeg
4 ýyl ozal
BAGTYÝAR ZAMANADA YHLASLY ZÄHMET

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň dürli kesp kärli işgärler ýolagçylara we ýük daşamakda ýokary hilli hyzmat etmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri zerur ýükleriň bellenilen ýerlerine öz wagtynda eltilmegini we ýolagçy gatnawyny ýokary hilli guramakda tutuş toplumyň öňünde durýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegini şertlendirýär.

16183d2a7017d6.jpeg
4 ýyl ozal
ARKADAGYŇ BAGTYÝARLYK ÝOLLARY DÜNÝÄNIŇ LOGISTIKA ULGAMYNA SAZLAŞYKLY GOŞULÝAR

Milli Liderimiz dünýä ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam etjek üstaşyr ulag düzümlerini emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de olaryň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň hut özüniň başlangyjy bilen gurluşygyna badalga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

1618364b0d7b51.jpeg
4 ýyl ozal
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty sebitiň logistika merkezidir

1,5 mln tonnadan gowrak türkmen nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr geçirildi

16182bed772de1.jpeg
4 ýyl ozal
GÜNDOGAR SEBITIŇ ÝÜK HOWLULARY HALKYŇ HYZMATYNDA

Türk­me­nis­tan öz geog­ra­fi­ki ýer­le­şi­şi bo­ýun­ça Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa yk­lym­la­ry­ny bir­leş­dir­ýän ulag çatrygy bol­mak bi­len, se­bit­de dost­luk­ly, öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň mer­ke­zi­ne öwrülmäge doly mümkinçiligi bar. Bu mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalary amala aşyrylýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.