Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Ýaş alymlar — ýurdumyzyň ylmy kuwwaty
12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu iri möçberli çäräni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar.
Ylym — döwletiň kuwwaty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär.
Halkara ýük ulaglaryna Türkmenistandan üstaşyr geçmekleri üçin bildirilýän talaplar
Türkmenistan şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, halkara ýük ulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Eýran-Özbegistan we Özbegistan-Eýran ugurlary boýunça öz çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berdi. Halkara ýük ulaglarynyň hereketi boýunça bellenen ugur türkmen-özbek serhedindäki Farap-Alat geçelgesi we türkmen-eýran serhedindäki Sarahs-Sarahs geçelgesi aralygyndadyr.
Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyryna gadam basdy
5-nji iýunda Akina — Andhoý demir ýolunyň Owganystanyň çäginde ýerleşýän galan böleginiň işlerine başlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi web saýtynda habar berýär. Degişli habarda: «2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina — Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin geldiler. Türkmen bilermenleri şeýle hem öz ýanlary bilen ähli gerek bolan tehnikalary we enjamlary getirdiler» - diýlip bellenilýär.
Türkmenistan Özbegistana öz çäginden ýükleri geçirmäge rugsat berdi
Özbegistan Türkmenistanyň çäginden ýükleri daşamagyny gaýtadan ýola goýdy. Bu kararyň 1-nji iýundan güýje girendigi barada gazeta.uz web saýty respublikanyň ministrligine salgylanyp habar berýär.
Aşgabat halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menzili Bäherden we Gökdepe etraplarynda, Köpetdagyň dag eteklerinde, Ýalkymdaky ýaşaýyş jaý toplumynda hem-de Arçabil we Gökdere ýollarynyň ugrunda özüne berkidilen ýer meçdançalaryndaky tokaý zolaklara, baglara, agaçlara, gyrymsy agaçlara ideg etmek we olary suwarmak boýunça bäsleşik yglan edýär
WELOSIPEDIŇ EKOLOGIÝAMYZA TÄSIRI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda halkymyzyň bolelin, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, jemgyýetimiziň mizemez esasy bolan maşgala ojaklarynyň mäkämligini, watansöýüji, sagdyn we berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün etmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň saglygynyň goralmagyny döwlet derejesindäki ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde kesgitleýär.
Aşgabat şertnamasynyň gatnaşyjylary üstaşyr ýük daşamalaryny maslahatlaşarlar
Eýranyň Ütaşyr we halkara ulag býurosynyň Baş müdiri Jawad Hedaýati ýakyn wagtda “Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman” halkara ulag we aragatnaşyk geçelgesini döretmek baradaky Aşgabat şertnamasynyň agza döwletleriniň gatnaşmagynda forumyň geçiriljekdigini mälim etdi.
«Kamaz» iş gerimini artdyrýar
«KAMAZ» dünýäniň ýük awtoulaglaryny öndürýän öňdebaryjy kompaniýalarynyň 20-ligine girýän Russiýanyň iri korporasiýasydyr. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 70 müň sany awtoulag tehnikasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. «KAMAZ» paýdarlar jemgyýetiniň guramaçylyk edaralary Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň hem-de käbir daşary ýurtlaryň çäginde ýerleşýän 110 sany kompaniýany özünde jemleýär.
Kazandan we Dubaýdan Türkmenistana gaýtmak üçin petekleri elektron poçta arkaly öňünden edinip bolar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy resmi saýtynda elektron poçtalaryň salgylaryny ýerleşdirdi. Şolaryň üsti bilen Russiýadan hem-de BAE-den Türkmenistana uçýan ugurlar boýunça petekleri öňünden satyn alyp bolar. Şeýle hem saýtda bu ýurtlardaky wekilhanalaryň anyk telefon belgileri ýerleşdirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.