Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Türkmenpoçta» çaparçylyk hyzmatynyň işini kämilleşdirýär
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy türkmenistanlylara «salgydan-salga» çaparçylyk hyzmatyndan peýdalanmagy hödürleýär. Bu hyzmat ilata ýetirilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmagy we kärhananyň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy nazarda tutmak bilen, kompaniýanyň umumy maksatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
Türkmenistan bilen Eýran ulag gatnaşyklaryny güýçlendirýär
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sişenbe güni Tähranda Eýranyň Ulag we şähergurluşyk ministri Rostam Gasemi bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda taraplar sebitdäki geçelgelerde ulag we üstaşyr gatnaşyklaryny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Eýranyň “Mehr” agentligi habar berdi.
Aşgabatda ilkinji gezek «Go Viral 2022» innowasion festiwaly geçiriler
Türkmenistanyň media, işewürlik, medeniýet hem-de tehnologiýa pudaklarynda iş alyp barýan hünärmenler we bilermenler «Go Viral 2022» innowasion festiwalyna gatnaşmaga çagyrylýar. Bu çäre 2-nji iýulda «Ýyldyz» myhmanhanasynda bolar.
AŞTU merkezi edarasynda özbaşdak hyzmat ediş terminallary ornaşdyryldy
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň merkezi edarasynda aragatnaşyk operatorynyň müşderilerine AŞTU-nyň hyzmatlarynyň giň toplumyny özbaşdak onlaýn dolandyrmaga mümkinçilik berýän terminallar oturdyldy.
Türkmenistanda VIP we CIP ýolagçylaryň howa menzilleriň zallaryndan geçmeginiň tertibi tassyklandy
Türkmenistanda aýratyn wajyp ýolagçylaryň (VIP) we wajyp ýolagçylaryň (CIP) howa menzilleriniň zallaryndan geçmeginiň tertibi tassyklanyldy. Bu baradaky resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň portalynda çap edildi.
Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi gurlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýol gurluşyk pudagyny ösdürmek, dünýäniň ösen tehnologiýalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak hem-de ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýükleri we ýolagçylary daşamagyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
«Türkmenpoçta» tutuş dünýä poçta ibermelerini amala aşyrýar
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýerleşýän bölümçesi poçta hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär. Bu ýerden Türkmenistanyň ähli welaýatlaryna bolşy ýaly, daşary ýurtlara hem tizleşdirilen poçtalary, ýollamalary, banderollary, hatlary, dürli ýükleri ibermek mümkindir.
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň bäsleşikli satuwy ilkinji gezek sanly platformada geçiriler
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň bäsleşikli satuwy ilkinji gezek www.е.fineconomic.gov.tm sanly meýdançasynda we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen geçiriler.
Ýurduň ösüşine itergi berýän güýç
Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýurdumyzda ýaş nesil barada, ylaýta-da, olaryň Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ylymly, bilimli, hünär başarnykly, zähmet çekmäge höwesli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, ruhubelent ýaşlar bolup kemala gelmegi üçin döwlet syýasaty kesgitlenýär.
"Türkmenistan" awiakompaniýasy halkara gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti 11-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag toplumynda howpsuzlyk derejeleriniň sanawyny we howpsuzlyk derejelerini yglan etmegiň tertibini taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.