Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16023790e5351e.jpeg
4 ýyl ozal
Milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň ikinji nobatdakysy äleme çykarylar

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatynyň çäklerinde birnäçe gäýragoýulmaz meseleler bilen birlikde, “TürkmenÄlem 520E” emeli aragatnaşyk hemrasynyň ikinji nobatdakysyny äleme çykarmak bilen baglanyşykly taýýarlyk işlerine möhüm ähmiýet bermelidigini aýtdy.

160237c2759767.jpeg
4 ýyl ozal
Ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň çäginden goňşy döwletlere we ondan hem dünýä uzaýan «polat ýollarymyz» barha kämilleşdirilýär. Bu babatda «Türkmendemirýollary» agentliginde şeýle çäreleriň biri, ýagny Aziýa ösüş bankynyň «Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» bilen wideoaragatnaşyk arkaly ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

160220c3e35647.jpeg
4 ýyl ozal
“Türkmentelekom” INTERNET HYZMATLARYNY HAS-DA ELÝETER etdi

Milli aragatnaşyk pudagymyzyň häzirki döwürde ýeten derejeleri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şonuň netijesinde internet ulgamynyň ösdürilmegi, dürli hyzmatlaryň elýeter edilmegi ugrunda işler yzygiderli alnyp barylýar.

16022093c4a2b4.jpeg
4 ýyl ozal
“AŞTU” INTERNET NYRHNAMALARYNY ARZANLATDY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ara­gat­na­şyk ul­ga­my­na dün­ýäniň iň soňky ga­za­nan­la­ry, döw­rebap, kämil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ornaşdyryl­ýar. Häzirki döwürde pudaklaýyn düzümleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we olaryň köpugurly esasda ösdürilmegi, kämil enjamlaryň we täze işläp taýýarlamalaryň ulanylmagy ýurdumyzda aragatnaşygyň, tele we radio gatnaşyklarynyň, öýjükli ulgamyň köpugurly şahasynyň üstünlikli hereket etmegini şertlendirýär.

1602174e6b67cb.jpeg
4 ýyl ozal
«Türkmenhowaýollary» ýük gatnawlaryny ýola goýýar

Halkara gatnaşyklarynyň täze tapgyrlara çykyp, sebit ähmiýetli işleriň hasyl edilýän häzirki döwründe Türkmenistan döwletimiziň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hem täze netijeleri berýär. Munda häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda demir ýol hem awtoulaglar arkaly ýük gatnawlaryny amala aşyrylan bolsa häzirki wagtda howa ulaglary arkaly hem ýükleri kabul etmek hem-de ugratmak işleri ýola goýulýar.

1602174197f2e3.jpeg
4 ýyl ozal
Awtoulaglar pudagynyň düzümi kämilleşer

Ulag ulgamynyň ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýan iň bir işjeň pudaklarynyň biri bolan awtoulaglar pudagy milli Liderimiziň başlangyçlary bilen täze talaplara eýe bolup, döwrebap usullar arkaly ýolagçylara hyzmat edýär.

16020cf821142f.jpeg
4 ýyl ozal
Zähmeti kämilleşdirmek maksady bilen

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň döwrebap derejede kämilleşdirilişi depginli alnyp barylýar. Munuň bilen baglylykda bu ugruň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenleriň hem, olaryň işleriniň häzirki zaman şertlerine laýyklykda ýola goýulmagy hem giň gerime eýe bolýar.

16020bb143616d.jpeg
4 ýyl ozal
ÝURDUMYZda INNOWASION LOGISTIKA pudagy KEMALA GELÝÄR

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny innowasiýa taýdan has-da ösdürmäge, dünýä derejelerine ýetirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurdaky gatnaşyklary sazlaşykly ösdürmek bilen bagly meseleler «Döwlet ylmy — tehniki syýasaty hakynda», «Inowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň kanunlary, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

16020baa327506.jpeg
4 ýyl ozal
ULAG ULGAMYNDAKY HALKARA HYZMATDAŞLYK barha ilerleýär

Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň dünýäniň aragatnaşyk giňişliginde möhüm baglanyşyk ulgamyna öwrülmegi üçin ulag ulgamynyň ähli pudaklaryna iri maýa goýumlaryny gönükdirmek bilen, iri göwrümli taslamalaryň başyny başladyk» diýen parasatly sözleri bu günki gün biziň durmuş ýörelgämize öwrüldi.

16020b8df8c50c.jpeg
4 ýyl ozal
demir ýol ulgamynda ösüşli gatnaşyklaryň TÄZE SAHYPASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwletimizde sebit we yklym ulag-üstaşyr ulgamy döretmek boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtda, ýurdumyzyň ulag-logistiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, häzirki zaman demir ýol köprülerini, ulag-logistiki babatda wajyp desgalary gurmak boýunça taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.