Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
162e42e406230a.jpeg
3 ýyl ozal
Awazada ulag ulgamy boýunça halkara maslahat geçiriler

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda BMG-niň ugurdaş düzümleri bilen geçirilen geňeşmeleriň esasynda onuň maksatnamasynyň deslapky taslamasy taýýarlanyldy.

162e34bc1c8d8e.jpeg
3 ýyl ozal
“Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi

Kanun döwlet edaralaryny ilata hödürlenýän elektron hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin çäreleri görmäge borçlandyrýar. “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň täze Kanuny 27-nji iýuldan, ýagny Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edilen gününden güýje girdi.

162e2d16191af0.jpeg
3 ýyl ozal
GPON tehnologiýasy – sanly ulgamlary ösdürmek üçin AŞTU tarapyndan ileri tutulýan ugur

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdydayýetini mundan beýläk hem pajarlap ösmegi üçin sanly ulgamlary giňden ornaşdymak we bu ugurdan dünýä tejribesini biziň ýurdumyzda özleşdirmek barada berýän anyk tabşyryklaryndan ugur alyp, AŞTU paýtagtymyzyň telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmekde optiki-süýümli, şol sanda GPON görnüşindäki maglumat geçiriş torlaryny gurmagyň gerimini ýaýbaňlandyrýar.

162e24bb31ea74.jpeg
3 ýyl ozal
"Belet Film" markaly sowgat kartlaryny satuwa çykardy

Türkmenistandaky iň uly onlaýn kinoteatr “Belet Film” öz markasy bilen sowgat karty taslamasyny durmuşa geçirdi. Degişli bildiriş onlaýn kinoteatryň sosial ulgamlarynda ýerleşdirildi.

162e24c967361b.jpeg
3 ýyl ozal
«Türkmenistanyñ ulag-logistika merkezi» bilen PTT hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ylalaşdylar

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ Türkiýäniñ «Posta ve Telgraf Teşkilatı A.Ş» bilen poçta (EMS, hat we bukjalar) gatnawynyň mukdaryny artdyrmak barada ylalaşyk baglaşdy. Bu barada TULM-nyň resmi web sahypasyndaky habarda aýdylýar.

162e11041e0ecc.jpeg
3 ýyl ozal
Sanly ulag - ygtybarly we netijeli ösüş ýoly

​​​​​​​2022-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk̓» agentliginiň edara binasynda, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň degişli hünärmenleiniň onlaýn gatnaşmagynda «Ulag we kommunikasiýalar toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly maslahat geçirildi.

162e12cc62a7b0.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmen ralli türgenleri «Ýüpek ýoly» halkara ralli-marafonyndan baýrakly netijeler bilen dolandylar

Halkara derejesinde geçirilen “Ýüpek ýoly” ralli marafonynda çykyş eden türkmen türgenleri baýrakly orunlary eýelemek bilen Aşgabat şäherine gaýdyp geldiler. Olaryň hatarynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň sürüjileri Merdan hem-de Şöhrat Toýlyýewler marafonda ýokary netijeli ýeňiş gazandylar.

162e0a497e83aa.jpeg
3 ýyl ozal
Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň aýdyň ýoly

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Azi­ýa­nyň mer­jen şä­he­ri Aş­ga­ba­dyň gö­zel kün­je­gin­de ýer­leş­ýän Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da «Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri: öza­ra ara­bag­la­ny­şyk we ösüş» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di.

162e0a33b4ffe1.jpeg
3 ýyl ozal
ULAG STRA­TE­GI­ÝA­SY: GEL­JE­GI NA­ZAR­LA­ÝAN DÜN­ÝÄ ÄH­MI­ÝET­LI IŞ­LER

Paý­tag­ty­myz­da Ýew­ra­zi­ýa­da yklymara ulag hyz­mat­daş­ly­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga ba­gyş­lanyp 18-nji iýul­da geçirilen «Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri: öza­ra ara­bag­la­ny­şyk we ösüş» at­ly hal­ka­ra mas­la­haty açyldy. We­kil­çi­lik­li fo­ru­my­na mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

162e0a229d3ac5.jpeg
3 ýyl ozal
ŞPAL ÖNDÜRÝÄN ZAWODDA

Gahryman Arkadagymyzyň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­sin­den göz­baş al­ýan uly tu­tum­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­tijesin­de mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty bar­ha beý­gel­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň beý­le­ki pu­dak­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, ýol, ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de dün­ýä nus­ga­lyk iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.