Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
162ea01b51a210.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi (TULM) Azerbaýjanda resmi wekilhanasyny açar.

Degişli resminama Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň çäginde gol çekilendigi habar berilýär. Azerbaýjanyň «Caspian Logistics Solutions» kompaniýanyň TULM-yň resmi hyzmatdaşy bolup, Azerbaýjanda wekilhananyň hasaba alynmagyny we işlemegini guramak üçin jogapkär bolar diýip, report.az saýtynda habar berilýär.

162ea116b42705.jpeg
3 ýyl ozal
Ra­ýat awia­si­ýa­synyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­

Berkarar döwletiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwründe hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ryn­da hem-de içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sat­da giň ge­rim­li iş­ler do­wam ed­ýär. Ta­ryh üçin uzak bol­ma­dyk döw­rüň için­de halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, ho­wa ulag­la­ry pu­da­gyn­da hem uly ösüş­ler, be­ýik öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

162ea0dda079be.jpeg
3 ýyl ozal
Tä­ze gat­na­şyk­la­ra ba­dal­ga

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de ga­dy­my ýö­rel­ge­le­ri di­kelt­mek, baý mil­li mi­ra­sy aýaw­ly sak­la­mak, ola­ry yl­my esas­da öw­ren­mek we giňden wa­gyz et­mek Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

162ea05663955d.jpeg
3 ýyl ozal
YK­LYM­LA­RY BIR­LEŞ­DIR­ÝÄN GÜÝÇ

Türk­me­nis­tan oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we açyk­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, se­bit­le­ýin hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy dür­li gör­nüş­ler­de ne­ti­je­li ös­dür­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýär.

162e899b85db93.png
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň «Elektron hökümet hakynda» Kanuny güýje girdi

Türkmenistanda 29-njy iýulda «Elektron hökümet hakynda» Kanun güýje girdi. Kanun «Türkmenistan» gazetinde türkmen, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde rus dillerinde çap edildi. Täze Kanun 5 bapdan we 28 maddadan ybaratdyr.

162e77e9042278.jpeg
3 ýyl ozal
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugy dörediler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Halkara tejribä laýyklykda, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugyny döretmek baradaky teklibi hödürledi. 

162e77b5bd994d.jpeg
3 ýyl ozal
Ýurdumyzda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçiriler

Şu ýylyň 15-16-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara forumy geçirmek meýilleşdirilýär

162e76cff8e730.jpeg
3 ýyl ozal
Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasynda ulag arkaly söwda-haryt dolanyşygy artýar

Şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda-haryt dolanyşygynyň oňyn özgerýändigini görmek bolýar.

162e76fad5bb0c.jpeg
3 ýyl ozal
Derýa ulaglary arkaly şu ýylyň 6 aýynda 378 müň tonnadan gowrak ýük daşaldy

«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boýunça Türkmenistanyň halk hojalygy üçin zerur bolan ýükleri daşamak, gämileri we läbiksorujylary abatlamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şu ýylyň başyndan bäri ýük daşaýjy gämiler we suw üsti ponton geçelgesi arkaly 378 müň 100 tonna halk hojalygyna degişli ýükler daşaldy.

162e4311ea5048.jpeg
3 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Belarusa ýene bir ýörite uçuşy gurar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 30-njy iýulda Belarusa nobatdaky ýörite uçuşyny meýilleşdirýär. Bu uçuş bilen Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň bir topary Watanyna getiriler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.