Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistan we Gyrgyzystan iki ýurduň ýük daşaýjylary üçin ýeňillikleriň girizilmegini ara alyp maslahatlaşýarlar
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Gyrgyzystanyň DIM-niň we Gyrgyzystanyň ulag we kommunikasiýa ministrliginiň wekilleri iki ýurduň ýük daşaýjylary üçin ýeňillikli şertleri döretmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gämi gurluşyk zawodlary hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Gämileri gurýan we gämileri abatlaýan «Balkan» zawodynyň wekilleri we Bakuwyň gami gurluşyk zawodynyň wekilleri Türkmenbaşy şäherinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
«Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen «DAI Global LLC» özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
2023-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň ulag-logistika kompaniýalaryny birleşdirýän «Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Amerikanyň «DAI Global LLC» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
«Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça nyrhlary arzanlatdy
«Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýeti, 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan awtoulaglary daşaýan we ýolagçylary gatnadýan «Berkarar» we «Bagtyýar» paromlarynda Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça awtoulaglar üçin dahylsyz taraplara ýeňillikli nyrhnamalary güýje girer. Bu barada paýdarlar jemgyýetiniň resmi sahypasynda habar berildi.
Baku porty Türkmenbaşy we Aktau şäherleri bilen parom hyzmatyny ýola goýdy
Ilçi Latif Seýfaddin ogly Gandilow Azerbaýjanyň Türkmenistanyň Türkmenbaşy we Gazagystanyň Aktau şäherleri bilen parom hyzmatyny ýola goýandygyny aýtdy.
«LEBAPAWTOULAG» ÖNÜMÇILIK BIRLEŞIGINDE ÝEŇIL TAKSI AWTOULAGLARYNYŇ SANY KÖPELDI
Türkmenabat şäheriniň çäklerinde ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ulgamynyň derejesini ýokarlandyrmak, ulag aragatnaşyk düzümlerini ösdürmek, taksi ulaglaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen 85 sany häzirki zaman ýeňil maşyn gelip gowuşdy. Bu buýsançly waka şäher ilatymyzyň kalbynda ýatda galyjy waka öwrüldi. Dünýäniň soňly gazananlary ornaşdyrylan ak reňkli ýeňil awtoulaglar ir säher bilen, milli däp-dessurlarymyzyň berjaý edilmegi bilen ýola rowana boldular. Olara ak ýol arzuw edildi.
«Altyn Asyr» Türkmenistanyň täze etraplarynda 4G aragatnaşygyny ýola goýdy
«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory Türkmenistanyň üç welaýatynyň birnäçe etraplarynda 4G aragatnaşygynyň işi üçin täze enjam oturtdy. Bu barada ORIENT-e TMCELL-iň wekilleri habar berdiler.
Hazar sebitiniň ulag-logistikasyna degişli halkara forum geçiriler
26-27-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy 2023» ady bilen halkara forum geçiriler. Oňa hazarýaka döwletleriň, şeýle-de Hindistanyň ulag we logistika boýunça wekilleri gatnaşarlar. Bu barada forumcaspian.ru web-saýty habar berýär.
Ahal welaýatynda 1-nji martdan 50 sany täze «Toyota Corolla» taksileri ilata hyzmat edip başlady
Ýakynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky «Ahalawtoulag» önümçilik birleşigine «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulaglaryň 50 sanysy gelip gowuşdy. Bu barada agzalan birleşigiň resmi web saýtynda habar berilýär.
«Demirýollary» AGPJ işgärler bölüminiň işini sanly ulgama geçirer
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti işgärler bölüminiň işini sanly ulgama geçirmek üçin potratçy seçip almak boýunça №DÝ/AGPJ-028 belgili açyk halkara bäsleşigini yglan etdi. Bu barada türkmen metbugatynda bildiriş berildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.