Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

«SAGLYK» SYÝASATY DABARALANÝAR
Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň täze saglyk enjamlary bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp durulmagy bolsa, bu ugurdaky alnyp barylýan işleriň kämilleşmegine ýardam berýär.

SAGLYGYŇYZ ÖZ ELIŇIZDE
Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak, sagdyn iýmitlenmek, immunitetiň ýokarlanmagyna, bedeniň kesellere garşy göreşijiligine oňyn täsir edýär. Kesellerden goranmak üçin birnäçe düzgünleri berjaý etmek zerurdyr.

KAZANDAN TÜRKMENBAŞA ÝOLAGÇY GATNAWY AMALA AŞYRYLÝAR
Halkara ýolagçy gatnawlarynyň kem-kemden ýola goýulmagy netijesinde daşary ýurtlardan ildeşlerimiz Watanymyza dolanýarlar. Dünýäniň beýleki döwletleri bilen birlikde Russiýa Federasiýasyndan hem ýolagçylaryň gatnawy yzygiderli ýola goýulýar.

«TÜRKMENPOÇTA»–DAN AWTOULAG SÜRÜJILERI ÜÇIN TÄZELIK
Sanly ulgama geçmek ýörelgesiniň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda ähli amala aşyrylýan hyzmatlar sanlylaşdyryldy diýsek hem ýalňyş bolmaz. Bu poçta aragatnaşygynda hem depginli dowam edýär.

AŞTU hyzmatlaryň hasaby boýunça SMS hyzmatyny ýola goýdy
Öz hyzmatlaryny barha döwrebaplaşdyrýan «Aşgabat şäher telefon ulgamy» olaryň hataryna SMS habarnamasy hyzmatyny hem goşdy. Bu barada AŞTU-nyň resmi saýtynda hem habar berilýär.

ARAGATNAŞYK ULGAMY ONLAÝN–KINOTEATR HYZMATYNY HÖDÜRLEÝÄR
Sanly ulgam durmuşymyzy görnetin özgerdýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen häzire çenli ähli pudaklara ornaşýan sanly tehnologiýalar ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň şu günki ýeten derejesini şöhlelendirýär.

«ALTYN ASYR» MOBIL OPERATORY «ORAZA» HYZMATYNY HÖDÜRLEÝÄR
«Altyn Asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz müşderilerine, Oraza aýy mynasybetli ýörite hyzmaty hödürleýär.

SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEKDÄKI WEZIPELERI
Maglumatlaryň jemgyýetde tutýan orny şu günki günde has-da ýokary göterilýär, bu bolsa öz gezeginde adamlaryň oňa bolan garaýşynyň kämilleşmegini talap edýär. Ol talaplary ýerine ýetirmek, informasiýa akymlarynyň howpsyzlygyny üpjün etmek we innowasion infokommunikasiýalary önümçilige ornaşdyrmak aragatnaşyk ulgamynyň paýyna düşýär.

MAÝA GOÝUM FORUMY – NETIJELI HYZMATDAŞLYGA GIŇ ÝOL
Hususy işewürligiň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň yzygiderli we maksada okgunly durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady ugrunyň netijesidir. Ýurdumyzyň raýatlarynyň bähbitleri we abadançylygy şol syýasatyň özenini düzýär. Kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri giň möçberli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýarlar, möhüm pudaklarda eýeleýän ornuny yzygiderli berkidýärler.

demir ýol ulgamynda Innowasion çözgüt
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ulag we kommunikasiýa toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, maglumat-aragatnaşyk serişdelerini kämilleşdirmek, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.