Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistana Hytaýda öndürilen iki sany täze ýük teplowozy getirildi
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine CRRC Ziyang CO., LTD Hytaý kompaniýasy tarapyndan öndürilen dizel ýük teplowozynyň ikisi gelip gowuşdy. 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli Türkmenistana ýene 13 sany teplowoz getiriler diýip ORIENT habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz konteýner gatnawlary babatda dörttaraplaýyn şertnamany teklip etdi
Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Prezidenti Si Szinpin bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara ulag geçelgesi boýunça konteýner gatnawlaryny amala aşyrmak babatda dörttaraplaýyn şertnamany baglaşmagy teklip etdi.
BAE-Eýran-Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligine seredildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) “Etihad Rail” demir ýol edarasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda BAE-Eýran-Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligine seredildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Serdar Berdimuhamedow ŞHG ýurtlary bilen ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny aýtdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitinde ŞHG agza yurtlary bilen yklymara hem-de sebitleýin üstaşyr ugurlaryny ýola goýmaga taýýardygyny aýtdy.
GADYMY AMUL TOPRAGYNDA DÖWREBAP AWTOMENZIL
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan döwrebap ulag-kommunika düzüminiň hem-de ulag ýollarynyň kemala getirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn içerki hem-de daşarky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran – Gündogar Aziýadan Pars aýlagyna çenli iň gysga ýol
Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew we Eýranyň lideri Ybraýym Raisi geljekde üstaşyr gatnawy has-da artdyrmak üçin Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerini ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.
Türkmenistan ulag geçelgeleri boýunça ŞHG bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýar
Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açyk we munuň üçin diňe bir anyk mümkinçilikler däl, eýsem obýektiw zerurlyk hem bar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň giňişleýin geňeşiniň mejlisinde aýtdy, mejlise türkmen Lideri hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Türkmenistanyň 4 welaýatynda döwrebap ýolagçy awtomenzilleri açylar
17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
“Türkhowaýollary” oktýabr aýynda Türkmenistana 14 ýörite gatnawy amala aşyrmakçy
Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, kompaniýanyň oktýabr aýynda amala aşyrmagy meýilleşdirýän Türkmenistan ugurly ýörite gatnawlary barada maglumatlary ýetirýäris. Awiakompaniýadan bize gelip gowşan habara görä, oktýabr aýynda 14 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Üstaşyr geçýän ýükleri daşamakda alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberleri bellenildi
Awtoulag serişdeleri arkaly eksport-import edilýän we üstaşyr geçýän ýükleri daşamakda amatly we bäsdeşlige ukyply şertleri döredilýär
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.