Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» hünärmenleri işe çagyrýar
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ işleriň depginini güýçlendirýändigi sebäpli, degişli iş tejribesi bolan hünärmenleri we inženerleri işe çagyrýar
Türkmenistanyň ulag pudagynyň işgärleriniň ýygnagy geçirildi
“Türkmendemirýollary” agentliginiň mejlisler zalynda ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň ýygnagy geçirildi. Ýurduň garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasyndaky ýygnak baýramçylyk ruhuna beslendi - özygtyýarlylygyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu pudakda möhüm waka bolup geçdi, ýagny döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda ýurduň dört sebitinde täze ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabaralary geçirildi.
Ulag düzüminiň täze desgalarynyň açylyş dabaralary geçirildi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli şenbe güni Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde häzirki zaman ýolagçy awtomenzilleri açylyp ulanylmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Döwlet geňeşiniň mejlisinde: "Biz ulag we aragatnaşyk pudagyna halk hojalygynyň intensiw ösýän we geljegi uly pudagy hökmünde aýratyn üns berýäris" - diýdi.
Daşkentde Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan ulag geçelgesiniň ösüşi maslahatlaşyldy
Özbegistanyň Maýa goýumlary we daşary söwda ministrliginiň resmileri sişenbe güni Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady hem-de durmuş komissiýasynyň (ESKATO) wekilýeti bilen Daşkentde geçirilen duşuşygyň dowamynda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan ulag geçelgesini ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gündogar sebitiň “Kamaz” hyzmat ediş we okuw merkezi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan döwrebap ulag-kommunikasiýa düzüminiň hem-de ulag ýollarynyň kemala getirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn içerki hem-de daşarky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň 4 welaýatynda täze awtomenziller açyldy
24-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly ak pata bermegi bilen, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde döwrebap ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabaralary boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ýuridiki we şahsy taraplaryň dykgatyna
“Awtomobil ulag hyzmaty” AGPJ, “Hyundai Aero City” kysymly awtobuslarda sargyt esasynda edara-kärhanalaryň işgärlerini gatnatmak hyzmatlaryny hödürleýär.
Resmi habar
“Türkmenawtoulaglary” agentligine orta synply we kiçi awtobuslary satyn almaga ygtyýar berildi
Türkmen wekiliýeti “InnoTrans 2022” atly iri ulag forumyna gatnaşýar
Ýurduň demir ýol pudagyna wekilçilik edýän türkmen wekiliýeti 20-23-nji sentýabr aralygynda Berlinde geçirilýän transport tehnologiýalaryna bagyşlanan uly halkara sergisine – InnoTrans 2022-ä gatnaşýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.