Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
ÝTÖB: Merkezi Aziýa sebiti Aziýanyň ulag merkezi bolup biler
Iň uly we döwrebap Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýa sebitlerini birikdirmekde has uly orna eýe bolup biler.
Türkmen wekiliýeti «IAPEX-2022» — giň gerimli awtoulag sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
2022-nji ýylyň 31-nji oktýabry — 3-nji noýabry aralygynda Eýranyň paýtagty Tähranda awtoulag düzüm bölekleriniň we awtohyzmatlaryň 17-nji «IAPEX-2022» halkara sergisi geçiriler. Bu halkara sergä türkmenistanly hünärmenler hem gatnaşmak üçin çagyrylýar.
Aşgabatdan Minskä uçuşlaryň tertibi belli boldy
«Minsk» milli howa menzili öz resmi web sahypasynda Aşgabat (Türkmenistan) - Minsk (Belarus) - Türkmenabat (Türkmenistan) ugurlarynyň uçuş tertibini ýerleşdirdi.
Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi meýilleşdirilýär
Azerbaýjan Respublikasy Hazarýaka ýurtlary bolan Türkmenistan we Gazagystan bilen aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenýär. Bu barada Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministri Raşad Nabiýew Rumyniýada geçirilen Halkara Telekommunikasiýa bileleşiginiň bäşinji mejlsiniň dowamynda habar berdi.
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ hünärmenleri işe çagyrýar
Gämi gurulmagy meýilleşdirilýänligi sebäpli iş tejribesi bolan hünärmenleri we inženerleri işe çagyrýarys (degişli sertifikatly hünärmenlere garaşylýar):
Türkmenistan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) 2022-nji ýyl üçin Doly ygtyýarly maslahatynyň (PP-22) açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistan we Owganystan demir ýol pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Gepleşikleriň dowamynda türkmen ilçisi taraplaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge umyt bildirdi.
Türkmenistanyň bäş gümrük nokadyna sanly ulgam ornaşdyryldy
Türkmenistanda Halkara gümrük üstaşyr ulgamy boýunça daşalýan harytlar barada gümrük edaralaryna deslapky maglumatlary bermek üçin, TIR-EPD programmasy işe girizildi. Bu barada Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) habar berýär.
Lebapda we Maryda “KamAZ” okuw we tehniki hyzmat merkezleri açyldy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýekşenbe güni ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynda täze desgalar — “KamAZ” kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleri açyldy. Täze okuw we tehniki hyzmat merkezleri dolandyryş binasyny, ammary hem-de abatlaýyş işlerini geçirmek üçin bölümi özünde jemleýär.
BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň her ýylky duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň temasy “COVID-19 pandemiýasyndan soňky hereketler boýunça Wena maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini tizleşdirmek we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji Maslahatyna taýýarlygyň depginini ösdürmek” boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.