Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistan owgan talyplaryny demirýolçylyk işi boýunça okadar
Owganystanyň hökümetiniň demir ýol departamenti Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylary bilen owgan talyplarynyň 28-niň bu edaranyň dürli önümçilik bölümlerinde okuw geçmekleri barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi.
Täze demir ýol köprüsi açyldy
12-nji oktýabrda Garagum derýasynyň 316-njy kilometrinde akabanyň üstünden geçýän, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde täze demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy boldy. Bu desgany «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň gurluşykçylary gurdular diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.
Türkmen-owgan bilelikdäki demir ýol taslamalary maslahatlaşyldy
Duşuşygyň dowamynda taraplar 30 kilometrlik Akina-Andhoý demir ýol taslamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar.
«Belawia» Türkmenbaşy şäherine uçuşlar üçin petek satuwyna badalga berdi
Belarusyň «Belawia» kompaniýasy Minsk şäherinde Türkmenbaşa we ondan yzlygyna gatnaw üçin petekleriň satuwyny ýola goýdy. 25-nji oktýabrda badalga beriljek uçuşlar şu aýda her hepdäniň sişenbe güni, 1-nji noýabrdan başlap bolsa her iki hepdeden bir gezek sişenbe güni amala aşyrylar.
Türkmenistan we sebitiň ýurtlary üstaşyr geçirmeleri artdyrmak boýunça ylalaşyk gazandylar
Tähran Eýran bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň arasynda üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça ilkinji ministrler sammitini kabul etdi. Şeýle hem duşuşyga Russiýanyň, Azerbaýjanyň hem-de Eýranyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy
Halkara raýat awiasiýa guramasynyň (ICAO) ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili M.Orazow 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 7-nji oktýabry aralygynda Kandanyň Monreal şäherinde geçirilýän IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy.
Tähran üstaşyr forumy: Türkmenistan mümkinçilikleriň ösüşi we nyrhlaryň düşürilmegi barada
Şenbe güni Tähranda Eýranyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň pudak ýolbaşçylarynyň ilkinji sammitiniň öňüsyrasynda bu döwletleriň transport ministrleriniň orunbasarlary derejesinde alty taraplaýyn duşuşyk geçirildi. 9-njy oktýabrda geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça ministrler tarapyndan kabul ediljek bilelikdäki resminamanyň düzgünlerini utgaşdyrmak duşuşygyň esasy mowzugy boldy.
Türkmenistan Hazarýaka ýurtlarynyň ulag-aragatnaşyk pudagyndaky päsgelçilikleri aýyrmak ugrunda çykyş edýär
Türkmenistan Hazarýaka ýurtlarynyň ulag-aragatnaşyk pudagyndaky päsgelçilikleri kesgitlemek we aýyrmak ugrunda çykyş edýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow penşenbe güni Moskwanyň “Skolkowa” merkezinde geçirilen II Hazar ykdysady forumynyň plenar mejlisinde aýtdy. Bu barada TASS agentligi habar berdi.
II HYF: Türkmenistan – hazarýaka ýurtlarynda ulag babatda päsgelçilikleriň aradan aýrylmagy ugrunda
Şeýle beýanat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Moskwanyň “Skolkowo” merkezinde guralan Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde çykyş etdi diýip, TASS rus agentligi habar berýär.
Türkmenistan hazar ýurtlarynyň ýeke-täk “harytlary geçiriş ulgamyny” döretmegi teklip edýär
Türkmenistan Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ýeke-täk “harytlary geçiriş ulgamyny” döretmegi teklip edýär. Bu barada penşenbe güni wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Moskwada geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde aýtdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.