Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
162c24fa908f37.jpeg
3 ýyl ozal
«Türkmenhowaýollary» agentligine «Gündogdy» hususy kärhanasy bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” howa ulaglary pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

162c155f1dce77.jpeg
3 ýyl ozal
Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň gurluşygy boýunça Kararyň taslamasy taýýarlandy

Bu  barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

162c169fe34d47.jpeg
3 ýyl ozal
Ýokary derejeli “.tm” belgili milli domeni dolandyrmak işini kämilleşdiriler

​​​​​​​Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “.tm” belgili milli domen barada hasabat berdi.

162c169890d70a.jpeg
3 ýyl ozal
Kazan — Türkmenabat howa gatnawynyň ýolagçylaryna COVID-19 barlagyny tabşyrmak habar berildi

Kazan — Türkmenabat howa gatnaw ugrunyň sanawyna girýän ýolagçylaryň ählisi Kazan şäherinde polimeraz zynjyr reaksiýasy (PZR) usuly bilen COVID-19 ýokanjynyň barlagyny tabşyrarlar. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

162c14fbeb87f7.png
3 ýyl ozal
Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý etmäge ugradylar

2-nji iýulda türkmen zyýaratçylary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny berjaý etmäge ugradylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

162be61c1ea6f5.jpeg
3 ýyl ozal
AŞTU häzirki zaman GPON tehnologiýasynyň gerimini giňeldýär

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti paýtagtda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gerimini uzakmöhletleýin giňeltmek maksady bilen iň täze GPON tehnologiýalaryndan peýdalanýar.

162bd6eda39dfd.jpeg
3 ýyl ozal
Milli we ruhy gymmatlyklarymyz ýaşlarymyzyň uçar ganaty

Ýurdumyzyň belent özgertmelerine laýyklykda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, beden we ruhy taýdan kadaly ösmekleri hem-de wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan, täsirli we peýdaly geçirmekleri üçin ähli amatly şertleri döredýär.

162bd0f61849b5.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Arkadagynyň hormatyna baýramçylyk konserti

29-njy iýunda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.

162bbbc74be6bb.jpeg
3 ýyl ozal
Turkmenportal mobil goşundysyny ulanyjylaryň sany 100 müň adamdan geçdi

Geçen ýylyň ýanwar aýynda döredilen Turkmenportal mobil goşundysyny ýükläp alan Internet ulanyjylarynyň sany 100 müň adamdan geçdi.

162bb12851180c.jpeg
3 ýyl ozal
ARKADAGYŇ PAÝHASYNDAN AK ÝOLLARA ROWANA

Ýollar öý bilen öýi, halk bilen halky ýakynlaşdyrýar. Ynsan ömri, nesil dowamaty ýollarda bereket tapýar. Ýol, ruhy nukdaýnazardan bolşy ýaly, geografik jähetden-de dostluk, parahatçylyk, agzybirlik ýaly düşünjeleri özünde jemleýär. Häzirki döwürde ýol düşünjesi has-da giňedi: bu gün dünýäde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda ýollara, üstaşyr ulag geçelgelerine aýratyn orun degişlidir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.