Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylary Ýüzlenme iberdiler
AÖB Türkmenistanyň demir ýol pudagyna tehniki goldawyny berýär
Aziýanyň Ösüş banky (AÖB) häzirki wagtda Türkmenabat-Mary-Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýol ugry üçin tehniki-ykdysady esaslandyrma taýýarlamak boýunça Türkmenistana ýardam berýär. Bu barada AÖB-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň Direktory Artur Andrysýak Aşgabatda duşenbe güni geçirilen “Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahatyň dowamynda mälim etdi.
Mahaçkala deňiz söwda portunyň Türkmenistan bilen parom gatnawy kämilleşdiriler
Gazagystan bilen Türkmenistanyň deňiz portlarynyň arasynda ozal ýola goýlan parom gatnawynyň gaýtadan dikeldilýändigi barada Dagystanyň Hökümeti habar berdi. Deňiz ýük gatnawlarynyň täzeden ýola goýulmagy harytlary konteýnerlerde daşamakda mümkinçilikleri açar we Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda ýük dolanyşygynyň ýokarlanmagyna ýardam eder.
“Türkmendemirýollary” magistral teplowozlary satyn aldy
Bu ýük otlulary ýük daşaýan we ýolagçy gatnadýan “Türkmendemirýollary” agentliginiň AGPJ-niň lokomotiwleriniň hataryna goşular.
Türkmenistan täze sebitleýin ulag geçelgeleri döretmek boýunça başlangyjyny öňe sürdi
Duşuşyga Türkmenistanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkiýäniň ulag boýunça döwlet düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş
18-nji iýulda paýtagtymyzda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly iki günlük halkara maslahat öz işine başlady.
«Onlaýn taksi» goşundysyny 15 müňden gowrak adam ýükläp aldy
Dalaşgär – 2022: üstünlik hemraň bolsun!
Ylymly-bilimli, hünärli ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir. Döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň arzuwlarynyň hasyl bolmagy, bilim alyp, durmuşda öz ornuny tapmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu günler kalbyndaky hünär edinmek maksadyna ýetmek isleýän ýaşlar ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyrýarlar.
Aşgabatda ulag baglanyşyklaryny dikeltmek boýunça halkara konferensiýa geçiriler
Aşgabatda sebitleýin we sebitara arabaglanyşygy hem-de ösüşi güýçlendirmek üçin ulag we üstaşyr geçelgelerini dikeltmek boýunça halkara konferensiýa geçiriler.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Stambuldan iki howa gatnawyny amala aşyrar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Stambul şäherinden Türkmenistana iki sany howa gatnawyny ýerine ýetirer. Bu barada «Atavatan Türkmenistan» žurnalynyň elektron neşirinde habar berilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.