Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
KÄMILLEŞÝÄN ULGAMyň geljegini kesgitleýän ýaş hünärmenler taýýarlanýar
XXI asyr maglumat tehnologiýalaryň örän çalt depginler bilen ösýän asyrydyr. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, talyplaryň we mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ýokary ähmiýete eýedir.
DIÝARYMYZYŇ SEBITLERINI ÝAKYNLAŞDYRJAK DÖWREBAP AWTOMENZILLER GURLAR
Ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan döwrebap ulaglar düzüminiň kemala getirilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn içerki hem-de daşarky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
ýurdumyz ULAG KOMMUNIKASIÝALARY ULGAMYNYň ÖSÜŞ ÝOLUNDA
Ata Watanymyz bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda öňdebaryjy döwletleriň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri, alyp barýan asylly syýasaty bu gün dünýä döwletleriniň arasynda uly meşhurlyga eýe bolmak bilen, nusgalyk derejedäki orunlara mynasyp görülýär.
ÝAŞ ALYMLAR TELEKOMMUNIKASIÝA ULGAMYNDA
Häzirki wagtda ýaşlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagynyň görkezijisi gönüden-göni ýurdumyzyň ykdysadyýetine täsir edýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýaş alymlaryň geňeşleri hereket edýär.
DÜNÝÄ UZAÝAN PARAHATLYK WE DOSTLUK ÝOLLARY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek barada giňden ýaýbaňlandyran maksada okgunly syýasaty netijesinde Türkmenistan dünýä bileleşiginde mynasyp orun eýeledi,
TÜRKMENISTANYŇ ULAG-LOGISTIKA SYÝASATY
Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistika düzümini ösdürmek arkaly gadymy Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça görülýän anyk we netijeli çäreler diňe bir milli ykdysadyýetimize däl, eýsem, ösüşiň sebit ýörelgelerine hem güýçli itergi berýär
Sanly ykdysadyýete ynamly badalga
Berkarar döwletimiziň gurujy, dörediji, oýlap tapyjy, ösen aň-düşünjeli intellektual ýaşlary kemala getirmek Türkmenistanyň şu günki täze taryhy döwrüniň möhüm aýratynlygydyr. Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki döwrebaplaşmak, ähli ulgamlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.