Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Aşgabat — Minsk aralygyna uçar petekleriniň bahasy mälim edildi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 15-nji oktýabrdan Aşgabat — Minsk aralygyna göni uçuşlary gaýtadan dikelder.
S7 Airlines awiakompaniýasy Türkmenistanda ähli uçuşlary üçin petek satuwlaryny ýola goýdy
S7 Airlines awiakompaniýasy Moskwadan Türkmenbaşy we yzyna göni uçuşlar üçin howa petekleriniň satuwyny ýola goýdy. Yzygiderli uçuşlar 17-nji oktýabrda başlar we hepdede bir gezek — duşenbe güni amala aşyrylar.
Eýranyň Türkmenistana eksportynyň möçberi 40% artdy
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistana eksportynyň möçberi Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň 21-nji martynda başlap, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 40% artdy. Bu barada Eýranyň Söwda ösüşi guramasynyň başlygy Alireza Peýmanpak sişenbe güni Eýranyň birinji wise-prezidenti Muhammet Mohberiň Moskwada geçirilýän ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagy barada teswir berende aýtdy.
Türkmenistanda ýol yşyklary hem-de LED ýol belgileri öndürilip başlanar
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow 30-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň öndürilmeginiň wajypdygyny belledi. Bu barada TDH-niň resmi saýtynda habar berilýär.
"Türkmen Radio"-da türkmen dilindäki aýdymlar elýeterli edildi
iOS we Android ulgamlary üçin niýetlenen "Türkmen Radio" mobil goşundysyna diňe türkmen dilindäki aýdymlary diňlemek mümkinçiligi hem goşuldy. Indi bu bölüm arkaly meşhur ýerine ýetirijileriň birnäçesiniň aýdymlaryny diňläp bilersiňiz.
Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministri: Hazardaky iň döwrebap port – Türkmenbaşy porty
“Türkmenistan häzirki wagtda gurluşygyna rus kompaniýalarynyň işjeň gatnaşýan infrastrukturasyna ep-esli maýa goýýar. Bu ýerde Hazar deňziniň iň döwrebap porty Türkmenbaşy porty guruldy" - diýip, Russiýanyň Ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow şu gün Moskwada işe başlan II Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasynda “Rossiýskaýa Gazeta " beren interwýusynda aýtdy.
Türkmenbaşy porty ýörite gümrük düzgüninde ýük saklamak üçin ygtyýarnama aldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýörite gümrük düzgüninde ýük saklamak üçin ygtyýarnama aldy. Bu hyzmat portuň çäginde dürli ýükleri we harytlary, hasaba almazdan we gümrük paçlaryny töletmezden, 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýär.
“Belawia” awiakompaniýasy Türkmenistana howa gatnawlaryny gaýtadan ýola goýar
Belarusyň “Belawia” milli awiakompaniýasy Türkmenistana yzygiderli halkara gatnawlaryny gaýtadan ýola goýar diýip, Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy geçen hepdäniň anna güni habar berdi.
Türkmenistan ulag ulgamynda Hytaýa örän möhüm hyzmatdaşy hökmünde garaýar
4-nji oktýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat-atteşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap berdi.
Türkmenistan we Belarus ulag ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge
Golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara belorus-türkmen toparynyň türkmen tarapyndan başlygy Mämmethan Çakyýew Belarusuň ilçisi Wýaçeslaw Beskosty bilen duşuşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.