Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1628be12e846bf.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanda şäherara awtobus petekleriniň onlaýn-satuw hyzmaty işini gaýtadan ýola goýdy

Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleriniň satuwy gaýtadan ýola goýuldy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär. Indi ýolagçylar şäherara awtobus gatnawy üçin petekleri «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtyndan, Android operasion ulgamy üçin niýetlenen ykjam goşundysyndan ýa-da awtoulag menziliniň kassalaryndan satyn alyp bilerler.

16289eb5a6c6a9.png
3 ýyl ozal
“Sanly ykdysadyýet - geljegiň aýdyň ýoly” atly ylmy-intellektual onlaýn bäsleşiginiň netijeleri

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeleri milli ylym-bilim ulgamynyň yzygider döwrebaplaşmagy, ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn intellektual ösüşi, olaryň ýiti zehinli, başarjaň bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri üpjün edýär. Şeýle bolansoň, ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli derejedäki bilim, ylmy-intellektual, döredijilik bäsleşikleri olaryň zehinini açmaklary üçin uly mümkinçilik bolup durýar.

16288e0a640358.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan halkara ýük ulaglaryna Eýrandan Özbegistana üstaşyr geçmäge rugsat berer

Daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň Sarahs-Farap-Sarahs ugurlary boýunça ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçmekleri ýola goýular. Türkmenistan şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap Eýran serhedinden geçen halkara ýük ulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Özbegistana çenli geçmäge rugsat berer.

1628ba6ff62549.jpeg
3 ýyl ozal
YLMY-INNOWASIÝA, DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ ÝEŇIJISI

Türkmen döwlet binagärilk we gurluşyk instituty ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle hem orta mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmagynda ylmyň, täzeçilligiň we döredijiligiň festiwaly geçirildi. Festiwal 16-njy maýdan 21-nji maý aralygynda geçirildi. Ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň inžener-tehniki we dizaýner başarnygy bar bolan talyplar festiwala özbaşdak hem-de toparyň düzüminde gatnaşdylar.

16288df62e37d2.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan Tatarystan bilen ulag-logistika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Russiýanyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

16288ddafdb354.jpeg
3 ýyl ozal
Ulaglar ulgamynynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylar

Türkmenistan howa, deňiz, demir ýol hem-de awtomobil ulaglary parkyny giňelder. Munuň üçin ýurduň aýry-aýry ulag pudaklaryna täze howa ulaglary, ýük teplowozlary, ýeňil awtoulaglar, kiçi awtobuslar satyn alar we deňiz gämileri gurlar.

16288af87c2ec5.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Eýran Sarahs terminaly arkaly söwda hyzmatdaşlygyny gaýtadan dikelder

2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan Türkmenistan Sarahs serhet terminalynyň üsti bilen Eýran Yslam Respublikasyna özara söwda hyzmatdaşlygyny gaýtadan dikelder.

16287a010aa4a8.jpeg
3 ýyl ozal
Aşgabatda ýaş alymlaryň ylmy taslamalarynyň sergisi geçirildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda ýaş mugallymlaryň, talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň taýýarlan ylmy taslamalarynyň sergisi geçirildi. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, sergide görkezilen ylmy işlerdir taslamalaryň aglabasynyň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplaryna degişlidir.

162878c99805ae.jpeg
3 ýyl ozal
Ýurdumyzda şu günden ýolagçy demir ýol gatnawlary gaýtadan dikeldilýär

Ýola goýlan gatnawlar Aşgabat - Türkmenbaşy, Aşgabat–Daşoguz we Türkmenabat–Türkmenbaşy ugurlary boýunça hereket eder.

1628702fe9fb65.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenabat halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili sanawda görkezilen harytlary satyn almak we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça açyk bäsleşik yglan edýär:

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.