Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Dünýäniň dürli şäherlerinden Aşgabada uçuş biletleri onlaýn-satuwa çykaryldy
«Türkmenistan» uçar kompaniýasy dünýäniň dürli şäherlerinden Aşgabada uçuşlara biletleriň onlaýn-satuwa çykarylandygyny ýatlatdy. Degişli bildiriş kompaniýanyň resmi saýtynda peýda boldy.

«Türkmendeňizderýaýollarynda» ýükleri gümrük pajyny tölemezden saklamak mümkinçiligi barada ýatlatdylar
Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty ýükleri ýörite gümrük düzgüninde gümrük paçlaryny tölemezden saklamaga ygtyýarnama eýedir. Bu baradaky ýatlatmany şu gün «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň saýty çap etdi.

Sürüjiler bugdaý hasylyny tiz we yrýasyz ýygnalmagyna goşant goşýarlar
Gallaçy kärendeçileriň azap siňdirip ýetişdiren bereketli bugdaý hasylyny tiz we yrýasyz ýygnap, galla kabul ediş nokatlaryna daşamakda «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň öz kärine ussat sürüjileri gaýratly zähmet çekýärler.

“Türkmenhowaýollary” uçarlaryň onlaýn bilet satuwyny ýola goýdy
“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara ýolagçy gatnawlaryň onlaýn bilet satuwyny ýola goýandygy barada habar berilýär.

Şu ýylyň alty aýynda ulag-aragatnaşyk toplumynyň ösüş depgini 124,8 göterime deň boldy
14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Prezident maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler bilen baglanyşykly hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.

«Ýüpek ýoly – 2023»: Türkmen ekipažlary Ýewraziýanyň iň abraýly ralli-reýdinde kümüş we bürünç medallara eýe boldular
Ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglary özünde jemleýän T2 ýaryşynda ýene-de Anton Melnikow öňe saýlandy. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň sürüjisi Merdan Toýlyýewiň ekipažy ikinji orny eýelese, Maksatmyrat Daňatarowyň dolandyran ulagy pellehana üçünji bolup geldi.

Türkmenistanyň deňiz söwda floty ýük we ýolagçy gatnawyny artdyrýar
2023-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileri bilen ýük daşamagyň umumy möçberi 1,15 million tonna barabar bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 31,4 göterim ýokarlandy diýip, flotuň metbugat gullugy habar berýär.

Ussat dowamaty — ussatlyk
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda zenanlarymyz uly höwes bilen zähmet çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, zenanlar jemgyýetimizde uly güýç bolup durýar. Olar özleriniň asylly zähmetleri bilen Diýarymyzyň has-da ösmegine, kuwwatlanmagyna, gözelleşmegine mynasyp goşant goşýar. Haýsy kärde işleseňem halal zähmete gol ýapsaň, ol at-abraýy, sylag-sarpany serpaý ýapýar.

“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti teplowozlar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-029 belgili açyk halkara tender yglan edýär

Russiýa Federasiýasy «Demirgazyk-Günorta» geçelgesi babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk eder
Russiýanyň Ulag ministrligi «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi (ITC) boýunça Ylalaşyga Türkmenistanyň gatnaşmagy baradaky teklibi goldady. 11-nji iýulda Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin bu ugry tassyklaýan resminamany kabul etdi. Resminama degişli döwlet edarasynyň çeşmesinde çap edildi diýip, «Centralasia.news» habar berdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.