Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistan “Balkan” gämigurluşyk zawodynda gurlan täze gämileri kabul etmekçi
Türkmenistan ýakyn wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan gämileri kabul etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.
Geçen ýyl Bakudan üstaşyr daşalan nebitiň 17,4%-i Türkmenistanyň, Gazagystanyň paýyna düşýär
2023-nji ýylda Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy möçberiniň 17,4 göterimi Türkmenistan bilen Gazagystanyň paýyna düşýär.
2024-nji ýylda ilkinji gury ýük gämileri Türkmenbaşynyň deňiz portuna geldi
11-nji ýanwarda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň terminalyna Bakuwdan ýük daşaýan «Türkmenistan» atly gury ýük gämisi gelip durdy. Onuň yzysüre bolsa konteýnerler ýüklenilen «Magtymguly» atly gury ýük gämisi porta geldi. «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, bular 2024-nji ýyldaky ilkinji gury ýük gämi gantawlarydyr.
Aşgabatdaky Innowasiýa maglumat merkezinde duşuşyk geçirildi
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ji Kýu-Tek 12-nji ýanwarda Aşgabatdaky Innowasiýa maglumat merkezine baryp, ol ýerde mümkinçiligi çäkli adamlary we pensiýa ýaşyndakylary öz içine alýan bilim maksatnamalary bilen tanyşdy, şeýle-de merkezde ulanylýan okatmagyň usullary barada aýdyň düşünje almak üçin koreý dilini öwrenmek boýunça açyk sapaga gatnaşdy.
Halypadan öwren, şägirde öwret!
Alyp barýan işinden ýadaman, gaýta lezzet alýar. Bu bolsa onuň töweregindäki beýleki kärdeşlerine-de öz täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň Howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň Baş merkeziniň raýat sektorynyň uly dispetçeri Hajymämmet Nyýazgeldiýew hem saýlan hünärine eýe bolan, öz işini ýürekden berlen, işeňňir ynsan hökmünde tanalýar.
Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlary Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde tehniki gonuş edýär
Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlary Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde tehniki işler üçin gonmagy dowam etdirýärler. Şeýlelikde, ýanwar aýynyň başyndan GeoSKY (Gruziýa), MNG (Türkiýe) we Terra Avia (Moldowa) uçarlary howa menziline gondy. Bu barada howa menziliniň resmi web sahypasynda habar berildi.
2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 481 million amerikan dollara deň boldy
2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy 481 million amerikan dollara deň boldy. Bu barada Owganystanyň Senagat we söwda ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, TOLONews habar berýär.
Aragatnaşykçylaryň “Altyn Asyr” toparynyň resmi websaýty işe girizildi
Ýurdumyzyň 8 gezek çempiony paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” futbol klubunyň resmi websaýty işe girizildi - www.altynasyrfk.com. Täze açylan saýtda paýtagtymyzyň toparynyň saldamly geçen futbol ýoly giňişligi bilen beýan edilýär. Onuň baş sahypasynda toparyň gazanan ýeňişleri taryhy suratlarda öz beýanyny tapýar.
Howa giňişligi bilen aragatnaşykda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz halal we döredijilikli zähmeti bilen ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa ulgamyna mynasyp goşandyny goşýan zenanlar juda kän. Her bir dogýan Günüň ak säherini alnyňa sylyp, eşretli durmuşda ýaşap, ýurdumyzyň howa ulaglary pudagynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak paýynyň nesibäňe düşmegi bagtyýarlykdan nyşandyr.
Özbegistan we Türkmenistan halkara ýük daşamalary üçin tölegleri kämilleşdirmekçi
Ýaňy-ýakynda awtoulaglar arkaly halkara ýük daşamalary bilen baglanyşykly tölegler we tutumlar meselesi boýunça Özbegistanyň we Türkmenistanyň bilermenler toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada «Uzdaily» habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.