Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Saýlawlara taýýarlygyň möhüm tapgyry
Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär.
Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawynyň petekleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «e.gov.tm» portalynda
Ozal habar berşimiz ýaly, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-njy iýundan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyny ýola goýýar. Şu ugurlar boýunça şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Döwlet hyzmalary portalynda (e.gov.tm) onlaýn satuwa çykaryldy.
Türkmenistanda kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasy işlenip taýýarlanylar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň golaýda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
«Awtomobil ulаg hyzmaty» kompaniýasy sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil ulаg hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň raýatlaryny sürüji wezipesine işe alynýandygyny yglan edýär. Dalaşgärlerden edilýän esasy talaplar «B,C,D» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň we awtoulag sürmek tejribesiniň bolmagydyr.
Hytaýda «Apple-iň» taryhdaky iň uly arzanladyşlardan soň «iPhone» smartfonlarynyň satuwy artdy
«Apple» üçin iň möhüm bazarlaryň biri hasaplanýan Hytaýda kompaniýa tarapyndan smartfonlaryň we beýleki önümleriň bahalary arzanladylandan soň «iPhone» smartfonlarynyň satuwy 52% artdy.
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň topary maglumat howpsuzlygy boýunça halkara kiberçempionatynyň ýeňijileriniň hataryna girdi
“Senagat Russiýasynyň sanly industriýasy” maslahatynyň çäklerinde kiber durnuklylygy synag etmek hem-de halkara derejesinde tejribe alyşmak üçin sanly ulgam arkaly ýaryş geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy: ählumumy parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň başyndan bäri bolup geçen wakalar Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna ygrarlydygyny tassyklaýar.
«Türkmenpoçta» internet dükanynyň sargytlaryny müşderilerine gysga wagtda eltip berýär
«PostShop» — elektronika enjamlaryndan we hojalyk tehnikalaryndan başlap, egin-eşik, oýunjak we öý harytlaryna çenli ähli zerur zatlaryň bir ýere jemlenen dükanydyr.
Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryna ykdysadyýet ugry boýunça okuw sapak geçirildi
Ýakynda Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryna “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Ykdysadyýet we meýilleşdiriş bölümi tarapyndan okuw sapagy geçirildi.
1-nji iýundan Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawy hereket edip başlar
«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-njy iýundan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyny ýola goýýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.