Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
164ec24d0a2598.jpeg
1 ýyl ozal
Astrahanyň «Beýik Pýoter» gämisi Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar

Astrahan sebitinde «Beýik Pýoter» atly häzirki zaman gämisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ol 2024-nji ýylda Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar. Ýolagçylaryň syýahat etmegi üçin niýetlenen bu gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda-da durup geçer. Bu barada 23-nji awgustda Balkan welaýatynyň häkiminiň Russiýanyň Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda aýdyldy.

164eb03d942532.jpeg
1 ýyl ozal
Ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini artdyrmak gaýragoýulmasyz wezipedir

Şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp 25-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini artdyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezip, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

164eb035d664d1.png
1 ýyl ozal
Türkmenbaşy - Gyzylsuw gämili deňiz gatnawyna biletleriň bahasy arzanladyldy

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty 1-nji sentýabrdan Türkmenbaşy - Gyzylsuw aralygyna gämi gatnawlaryna biletleriň bahalaryny arzanlatdy. Bu deňiz ugruna gatnawlar "Çarlak" we "Rowaç" ýolagçy gämileri arkaly amala aşyrylýar.

164eb02bf28213.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik ýüki Primorskiý kraý sebitine eltildi

40 tonna ynsanperwerlik ýüki özünde jemlän ýük uçary Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň howa menizline bardy. Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik ýüki bu sebitiň birinji wise-gubernatory, hökümet ýolbaşçysy Wera Şerbina we beýleki resmiler garşyladylar.

164eb01c2adf98.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan we Malaýziýa maglumat-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda türkmen-malaýziýa köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen geňeşmelerde ara alnyp maslahatlaşyldy.

164eb011723156.jpeg
1 ýyl ozal
“Belavia” awiakompaniýasynyň bilet satuwynda bökdençlik bolmaz

“Belavia” awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň ulgamynyň täzelenmegi bilen baglanyşykly biletleriň satuwynda hiç-hili bökdençlik bolmaz.

164eb008350261.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenbaşy portundaky daşary ýurt gämileri reýdde goşmaça ýangyç alyp bilerler

Deňiz söwda floty Türkmenbaşy Halkara portuna girýän daşary ýurt gämilerine bukkerleme hyzmatyny, ýagny diňe gämi duralgalarynda däl, eýsem reýdlerinde hem dizel ýangyjyny guýma hyzmatyny hödürleýär.

164e45cf1cd7d3.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan Kamboja göni uçuşlary amala aşyrýan Merkezi Aziýada ilkinji ýurt bolmagy maksat edinýär

Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň Kamboja göni uçuşlary ýola goýmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

164e45aff16b48.jpeg
1 ýyl ozal
Garabogazköl aýlagynyň üstünden HÄM-den älem «ýük ulagy» surata alyndy

Orbital şekilde, Halkara älem menziline ýakynlaşanda, Türkmenistanyň Garabogazköl aýlagynyň kenarynda uçýan Cygnus ýük älem gämisini surata alyndy.

164e4599c09bcb.jpeg
1 ýyl ozal
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi TASS-a energetika we ulag hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales TASS-yň habarçysy bilen söhbetdeşi boldy. Russiýa agentligi diplomatyň energetika we ulag pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky beýanyny çap etdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.