Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Ärdogan Türkmenistana «TOGG» elektik ulaglaryny sowgat etdi
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine sowgat hökmünde «TOGG» kysymly elektrik awtoulaglaryny iberdi.

«Arkadag» teleýaýlymy öz işine başlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen döredilen «Arkadag» teleýaýlymy Türkmenistanda ýaýlyma başlady.

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň topary «Ýüpek ýoly — 2023» halkara rallisine gatnaşar
5-nji iýulda «Ýüpek ýoly — 2023» halkara rallisi badalga alar. Oňa gatnaşyjy toparlar 5 müň kilometrden gowrak ýola çykmazdan ozal tehniki barlaglardan geçerler. Ralli 15-nji iýulda Kremlinde tamamlanar.

«Arkadag» gazetiniň birinji sany çapdan çykdy
29-njy iýunda «Arkadag» gazetiniň ilkinji sany okyjylara gowuşdy. Gazetiň täze sany Arkadag şäheriň açylyşyna bagyşlanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti täze gazetiň neşir edilip başlanmagy mynasybetli onuň döredijilik işgärlerine we okyjylaryna Gutlag ýollady. Gutagda, hususan-da, şeýle ýazylýar:

Hytaýdan Özbegistana ugradylan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Hytaýyň Özbegistana ugradan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi. Bu barada “Uzdaily” internet neşiri duşenbe güni habar berdi.

Ýewropa Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleriniň we Hazaryň üsti bilen ýük akymlarynyň uly ösüşine garaşýar
Ýewropada, Aziýada, Demirgazyk we Günorta Amerikada işleýän “Rhenus Logistics” nemes logistik kompaniýasy Gazagystan Demirýollary (KTŽ) bilen bilelikde Hazaryň Aktau we Kuryk portlarynda geçiriş kuwwatyny, has giň Hazar sebitindäki logistika merkezlerini we Aktauda konteýner merkezini ösdürmegi maksat edinýär.

Türkmenistan Hytaýdan üstaşyr ýük daşamalarynyň artdyrylmagyny maksat edinýär
Türkmenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ulanyp, Hytaýdan üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmaklyga gyzyklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiligini açyp görkezmek boýunça işewür duşuşygyň barşynda beýan etdi.

Türkmen logistika kompaniýalary sanlylaşdyrmak işinde Pribaltika ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk eder
“Türkmen Logistika” assosiasiýasy Latwiýanyň Ýük ekspeditorlar we logistika milli assosiasiýasy we Litwanyň Eksportçylar we logistler milli assosiasiýasy bilen özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekdi.

AŞTU täze — «Call center» hyzmatyny hödürleýär
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döwlet düzümindäki edara-kärhanalara, guramalara, kiçi we orta telekeçilik kärhanalaryna «Call center» hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär.

Türkmenistanda innowasion taslamalaryň nobatdaky «Sanly çözgüt – 2023» bäsleşigi geçiriler
Türkmenistanda «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigi geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk işleri barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.