Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmenistan — Ermenistan: ulag-logistika meselelerine seredildi
21-nji iýunda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Andranik Aleksanýan hem-de bu edaranyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy.

Paromlar wagonlarda we ýük awtoulaglarynda on müňlerçe tonna ýük daşadylar
2023-nji ýylyň ýanwar — maý aýlary aralygynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýük terminaly Bakuwdan gelýän 213 gämini kabul etdi we 214 gämini bu şähere ugratdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäherine täze ulaglary sowgat berdi
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Özbegistan-Türkmenistan-Eýran geçelgesiniň ösdürilmegi ylalaşyldy
Özbegistan bilen Eýran Özbegistan — Türkmenistan — Eýran üçtaraplaýyn multimodal ulag geçelgesini ösdürmek barada ylalaşyk gazandy. Bu barada “UzDaily” internet neşiri duşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň ilçisi bilen Hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasynyň guramagynda we «Huahe International Business Consultancy» kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Inhe Pekin» adwokat kompaniýasynda Türkmenistanyň ilçisiniň we hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy we Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny mahabatlandyryş ýöriteleşdirilen çäresi geçirildi.

Çelýabinsk-Saud Arabystany ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden geçer
Günorta Ural demir ýoly kompaniýasynyň “Çelýabinsk-Gruzowoý” menzilinden Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylan ilkinji konteýner ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçer. Bu barada Günorta Ural demirýol kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS agentligi sişenbe güni habar berdi.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Koreýanyň deňiz enjamlaşdyryş assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygy giňelder
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary bilen Koreýa Respublikasynyň deňiz enjamlaşdyryş assosiasiýasynyň sebitleýin wekili (KOMEA) Kang Nam Ýonyň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar gämigurluşyk, milli deňiz flotyny we port infrastrukturalaryny döwrebaplaşdyrmakda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada «Orient» habar berdi.

Eýran we Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr daşama arkaly söwda dolanyşygyny artdyryp biler
Eýranyň Söwda, senagat, dag-magdan we oba hojalygy palatasynyň (ICCIMA) başlygy Golam-Huseýin Şafei Özbegistana Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin ulag meselesini Türkmenistanyň kömegi bilen çözmegi teklip etdi.

Astrahanyň gubernatory: Sebitiň kompaniýalary Hazarda gämi gatnaw ugruny döretmäge taýýar
Astrahanyň gämi gatnawlaryny amala aşyrýan kompaniýalary Hazar deňzinde Astrahan bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda gämi gatnaw ugrunyň döredilmegine gatnaşmaga taýýar diýip, Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin şenbe güni Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde TASS agentligine beren interwýusynda aýtdy.

“Türkmenhowaýollary” agentligi halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi elektron resminama dolanşyk ulgamyny döretmek we girizmek, onuň üçin gerekli enjamlary satyn almak hem-de tehniki hyzmat bermek boýunça açyk tender yglan edýär

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.