Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
"Türkmendeňizderýaýollary" agentligi hormat hatyna mynasyp boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 27-nji dekabryndaky 374 belgili karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2023-nji ýylyň iş meýilnamasy esasynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi toplumlaýyn tälim beriş-türgenleşik okuwy geçirildi.
Paýtagtymyzda tehnologiýa seminary geçirildi
Ýekşenbe güni “Google-yň” işläp taýýarlaýjylar topary (GDG) Aşgabatda “Google” korporasiýasynyň işläp taýýarlaýjylara hödürleýän mümkinçiliklerine bagyşlap, çäre gurady. Tehnologiýa söhbetdeşligi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçirildi. Çärä tejribelik geçýän işläp taýýarlaýjylar, işewür wekiller we mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
ŞHG-ä agza ýurtlar bilelikde Tehnoparklaryň bileleşigini dörederler
Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagat ministri Bagdat Musin Almaty şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşine jogapkär ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçünji maslahatynda şeýle başlangyç bilen çykyş etdi.
Gamburgda Bütindünýä portlar maslahaty geçiriler
Gamburg porty tarapyndan hemaýatkärlik edilmeginde 8-10-njy oktýabr aralygynda Gamburgda geçiriljek “IAPH 2024 Bütindünýä portlary maslahatynyň”, maslahatyň täze hyzmatdaşy bolan “Mercator Media” tarapyndan berlen täze portaly bar.
ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy IT- hyzmatlaryny bermek boýunça tender yglan edýär
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy ýerli IT- hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanşykly meýilleşdirilen tenderine gatnaşmaga çagyrýar
Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko kosmosda geçiren wagty boýunça rekord goýdy
4-nji fewralda Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, instruktor-kosmonawt, «Roskosmos» kosmonawtlar otrýadynyň serkerdesi Oleg Kononenko kosmosda geçiren wagty boýunça rekord goýmagyň hötdesinden geldi. Ol bu ugurda öz kärdeşi Gennadiý Padalkadan hem öňe geçdi. Bu barada «Roskosmos» döwlet korporasiýasy habar berdi.
Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Türkmenistan demir ýol infrastrukturasyny gowulandyrmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi demir ýollaryny moderniezirleme işlerini meýilleşdirýärler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew belläp geçdi.
«DB Engineering & Construction» Hazaryň üsti bilen uzaýan halkara ulag ugry boýunça ýükleriň daşalmagyny kämilleşdirmäge ýardam eder
«Hazaryň üsti bilen halkara ulag ugry» assosiasiýasy demir ýol ulgamy boýunça netijeli işleri alyp barýan «DB Engineering & Construction» nemes tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekdi.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň baş diplomatlary raýat awiasiýasy, energiýa hyzmatdaşlygy barada maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda raýat awiasiýasy we energiýa hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkiýäniň “Anadoly” agentligi habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.