Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1626b2b079ea0c.jpeg
2 ýyl ozal
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde häzirki zaman sanly tehnologiýalar we intellektual ulgamlar ornaşdyrylar

Bu barada hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

1626b2581d0669.jpeg
2 ýyl ozal
Kazan — Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 1-nji maýynda Kazan — Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada atavatan-turkmenistan.com web saýtynda habar berilýär.

1626885690ad08.jpeg
2 ýyl ozal
TMCELL ilata ýol hereketiniň düzgünleri boýunça SMS habarnamalaryny iberdi

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderilerine SMS habarnamasynyň ikisini ýollady. SMS habarnamasynyň birinjisinde pyýada hereket edilende ýoluň gyrasynda we dynç alyş ýerlerinde döredilen ýaşyl zolaklary basmazlyk, üstünde oturmazlyk, şeýle-de pyýadalar üçin ýörite niýetlenen ýerlerden geçmek ýatladylýar.

16266a95be28c7.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmen hemrasy” ýerüsti antennasy arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär

Döwlet edaralaryna we hususy kärhanalara uzakdaky desgalaryň we merkezi ofisleriň arasynda özara internet arkaly baglanyşmaklary üçin hem-de zerur bolan önümçilik ýerlerinde häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny guramak maksady bilen, “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) ykjam VSAT (kiçi ýerüsti antenna) terminalyny gurnamak arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär.

16266aa2e686db.jpeg
2 ýyl ozal
Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin telefon ulgamyna onlaýn töleg etmek hyzmaty girizildi

«Türkmentelekom» EAK-nyň Ahal welaýatyndaky müşderileri üçin şäher telefon ulgamynyň hyzmatlaryna onlaýn töleg geçirmek mümkinçiligi döredildi. Bu barada aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

16265971154e41.png
2 ýyl ozal
Türkmen radiosyny indi internetden diňläp bolýar

Google Play internet dükanynda Türkmenistanyň döwlet radioýaýlymlaryny diňlemäge mümkinçilik berýän Türkmen Radio ykjam goşundysy peýda boldy.

1626340ad3d2f2.jpeg
2 ýyl ozal
Ýurdumyzda Ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlandyrmak hakynda Düzgünnama kabul edildi

Hormatly Prezidentimiziň düýn geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ygtyýarlandyrmak işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

1626265a73239b.jpeg
2 ýyl ozal
HALKARA ULAG GEÇELGELERINIŇ ALTYN HALKASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilip, ykdysadyýetde, senagatda, telekeçilik ulgamynda ägirt uly öňegidişlikler gazanylýar. Bu babatda ýol-ulag syýasatynyň orny has-da uludyr. Şol nukdaýnazardan ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply ulag we  üstaşyr hyzmatlaryň bazaryny döretmek strategiýasy öňe sürülýär.

162619daa99283.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistandan Russiýa uçuşlar ýygjamlaşar

Daşary ýurt raýatlary Türkmenistandan Russiýa amala aşyrylýan ýörite uçuşlara indi ozalkysy ýaly köp garaşmaly bolmaz. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi «Telegramdaky» resmi kanalynda habar berdi.

162619f2176610.png
2 ýyl ozal
Gurluşyk ulgamynyň sanly özgertmeleri – taslamalaryň ýokary hilini kepillendirýär

Şähergurluşyk özgertmeleri döwlet Baştutanymyzyň durmuş-ykdysady maksatnamasy esasynda abadançylyk, ekologiýa talaplaryna, binalaryň we desgalaryň binagärlik keşbine, häzirki döwrüň ölçeglerine, talaplaryna we sanly çözgütlerine laýyklykda amala aşyrylýar. Bu bolsa gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň ýokary hilini kepillendirýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.