Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16254c308e301c.jpeg
2 ýyl ozal
Astrahan bilen ulag-logistika, söwda we syýahatçylyk hyzmatdaşlygy ýola goýlar

Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin şenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygynyň barşynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyna syýahatlaryň gurnalmagyny hem-de Astrahan-Türkmenbaşy awiagatnaşygynyň ýola goýulmagyny teklip etdi.

16254c179d0180.jpeg
2 ýyl ozal
ÝHHG Hazar sebitinde ulag arabaglanyşyk taslamasyny giňeltmegi meýilleşdirýär

“Hazar deňziniň sebitinde “ýaşyl” portlarynyň ösdürilmegine ýardam bermek” atly taslamanyň umumy bahasy 2,5 million ýewro barabardyr.

16253daaad55f7.jpeg
2 ýyl ozal
Sanly ulgam – daşky gurşawyň abadançylygynyň täze çözgüdi

Sanlylaşdyrma - bütin dünýäniň aýdyň geljeginiň kepilidir. Çünki, sanly ulgam umumadamzat durmuşynyň has çalt döretmek, maglumat gözlemek we olary tertiplemek ýagdaýlaryny awtomatlaşdyrdy, amatlaşdyrdy we has elýeterli etdi.

16253d7f668d42.jpeg
2 ýyl ozal
Minsk — Türkmenbaşy ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde Minsk — Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ýörite gatnaw bilen türkmen raýatlary Belarusdan alnyp gaýdylar. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.

162532dba9bcbc.jpeg
2 ýyl ozal
Ulag diplomatiýasy aýdyň ösüşlere beslenýär

Ýurdumyzyň bagtyýarlyk döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda dünýä ýüzünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň ulag diplomatiýasyny kämilleşdirip, halkara derejesindäki beýik başlangyçlary amala aşyrmagy, onuň bu ugurda eýeleýän ornuny has-da ýokarlandyrýar.

16250da16d8992.jpeg
2 ýyl ozal
Ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň durnukly ösüşi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 8-nji aprelde geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi

1624de06e43891.jpeg
2 ýyl ozal
Awtobuslaryň hereketini onlaýn yzarlamak hyzmaty ýola goýuldy

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary «Duralga» ykjam goşundysynyň kömegi bilen Aşgabatdaky şäheriçi ýolagçy awtobuslarynyň gatnaw ugurlary we wagtlary baradaky anyk maglumatlar bilen tanşyp bilerler. Munuň üçin olar «Duralga» ykjam goşundysyny iOS we Android platformalaryndan ýükläp almalydyrlar.

1624fce6c40413.jpeg
2 ýyl ozal
DEŇIZ PORTY: DOSTLUGYŇ HEM HYZMATDAŞLYGYŇ MENZILI

Öňde-soňda türkmen halkymyz goňşy gatnaşyklaryny ýokary derejelere göterýär. Goňşulary bilen dostlukly, doganlykly hyzmatdaşlyklary amala aşyrýar.

1624c4fc8431a7.jpeg
2 ýyl ozal
Halkara ýük daşamalary sanlylaşdyrmak işleri boýunça tejribe alyşdylar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gümrük edaralary sanlylaşdyrmak işleri boýunça tejribe alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda azerbaýjanly wekiller ýurduň gümrük ulgamynda amala aşyrylan özgertmeler bilen tanyşdyrdylar.

1624b3e528bc5b.jpeg
2 ýyl ozal
ULAG­ DIP­LO­MA­TI­ÝA­SY ­RO­WAÇ­LAN­ÝAR

Arkadagly Serdarymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 19-­njy martynda Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaradaky taryhy çykyşynda: «Häzirki döwürde ulag-­logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrül­ýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä­de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys» di­ýip, ulag diplomatiýamyzyň täze ugurlaryny kesgitledi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.