Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
163116ab91d7b2.jpeg
2 ýyl ozal
Türkiýeden Türkmenistana 9 sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenistandan Türkiýä we Türkiýeden yzyna dokuz sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar. Bu maglumat «Turkmenportalyň» redaksiýasyna 085 gysga belgili Aşgabat halkara howa menziliniň maglumatlar bölümi tarapyndan habar berildi.

16316d589dea4c.jpeg
2 ýyl ozal
Halkara ulag forumynyň Baş sekretary Türkmenistana geler

Halkara ulag forumynyň Baş sekretary Kim Ýen Te Merkezi Aziýa boýunça saparynyň çäklerinde Türkmenistana gelmegi maksat edinýär. Bu barada sekretariaty Parižde ýerleşen guramanyň baştutany sişenbe güni Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew bilen duşuşygynyň barşynda aýtdy.

1630d1a7c58ba5.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenbaşy porty "Demirgazyk-Günorta" Halkara ulag geçelgesiniň täze merkezine öwrülip biler

Türkmenistan "Demirgazyk-Günorta" Halkara ulag geçelgesine (INSTC) goşulmagy meýilleşdirýär, şeýlelik bilen, HUG Hazar deňzinde Türkmenbaşy halkara portunyň goşulmagy arkaly goşmaça ugur mümkinçiligini alar.

1630d19147d121.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen wekiliýetiniň Astrahana eden sapary netijesinde täze maýa goýum taslamalaryna garaşylýar

Türkmenistanyň ulag toplumynyň wekiliýeti Astrahan oblastyna iş saparyny tamamlady, ozal Aşgabatda sebitiň gubernatory Igor Babuşkin bilen bolan duşuşygyň dowamynda bu babatda ylalaşyk gazanylypdy.

1630cc5f1cd8a9.jpeg
2 ýyl ozal
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti we logistika ulgamyny ösdürmegiň wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 26-njy awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

1630c2bb99de71.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan Moskwa we Kazan gatnawlary üçin ýatlatma

«Türkmenistan» awiakompaniýasy özüniň resmi «VK» hasabynda Moskwa — Türkmenbaşy ugry hem-de Kazan — Türkmenabat ugry boýunça uçar gatnawlaryndan peýdalanýanlara uçuş wagtynda şu resminamalaryň ýolagçylaryň ýanynda bolmalydygyny ýatladýar:

1630bb61422cf6.jpeg
2 ýyl ozal
IRU: “Lapis Lazuli” ulag geçelgesini ösdürmekde Türkmenistanyň ähmiýeti uludyr

Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe 2017-nji ýylda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesini döretmek barada şertnama baglaşdy. 2018-nji ýylda açylan “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi Owganystany Türkmenistan, Azerbaýjan we Gruziýa arkaly Türkiýä birleşdirýän halkara üstaşyr ugurydyr.

1630c2b67a3fc9.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Stambul ugry boýunça gatnawlaryny artdyrýar

Soňky döwürde Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ýörite uçar gatnawlarynyň sany yzygiderli artýar. Bir tarapdan “Türkmenistan” awiakompaniýasy, beýleki tarapdan “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Türkmenistan-Tükriýe ugry boýunça ýorite gatnawlary ýerine ýetirip gelýär.

163092a8c9342a.jpeg
2 ýyl ozal
Astrahan portunda Türkmenistanyň logistika merkezini ösdürmek meselesine garaldy

Ýurduň ulag toplumyna wekilçilik edýän türkmen delegasiýasy Astrahan sebitine iş saparynyň çäginde Limanskiý etrabynyň Olýa obasynda döredilýän portuň ýörite ykdysady zolagyna baryp gördi. Bu “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň möhüm nokatlarynyň biri bolar we şu ýerde Türkmenistanyň logistika merkezi döredilip, ol Olýa-Türkmenbaşy aralygynda yzygiderli awtoulag parom aragatnaşygynyň esasyny düzer.

163092a092a1b9.jpeg
2 ýyl ozal
Astrahanda türkmen wekiliýeti Olýa-Türkmenbaşy parom ugrunyň açylmagyny ara alyp maslahatlaşdy

26-njy awgustda Türkmenistanyň ulag toplumynyň wekiliýeti Astrahan oblastyna işewürlik saparynyň dowamynda logistika, ulag, söwda we gämi gurluşygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.