Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Abu-Dabi howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşýar
Abu-Dabi halkara howa menzili (BAE) 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan bilen halkara gatnawlaryny täzeden başlamagy meýilleşdirýär diýip, «Zawya» onlaýn neşiri howa menziliniň täjirçilik direktory Fransua Burýene salgylanyp habar berdi.

Türkmenistandan üstaşyr geçýän Russiýa-Eýran yzygiderli konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýuldy
Russiýanyň döwlet demirýollary (RŽD) AGPJ-niň golçur kompaniýasy bolan “RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Russiýadan Eýrana ilkinji yzygiderli konteýner otlysynyň gatnawyny ýola goýdy.

Ýurdumyzda ýene-de bir elektron žurnal dörediler
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilýän düýpli we amaly taýdan ähmiýetli ylmy barlaglar, “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary” atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

«Türkmentel-2022» halkara sergisi
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2022» atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty.

Türkmenistan gümrük edaralarynyň işini sanlylaşdyrýar
Awtomobil ulaglary boýunça halkara birleşigi (IRU) eTIR halkara gümrük sanly ulgamyny ornaşdyrmakda Türkmenistana ýardam berýär. COVID-19 pandemiýasyndan ozal, Türkmenistan bilen IRU-nyň arasynda gümrük gözegçiligini döwrebaplaşdyrmak we halkara üstaşyr geçişini ýeňilleşdirmek maksady bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Türkmenistan «Demirgazyk ― Günorta» geçelgesiniň möhüm bölegine öwrülýär
«RŽD Logistika» kompaniýasy Türkmenistanyň üsti bilen «Demirgazyk — Günorta» gury ýer geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ilkinji konteýnerlerini daşap başlady. Bu doly düzümli konteýner Russiýadan Eýrana aşyrylar. Täzelik kompaniýanyň Telegramdaky resmi kanaly arkaly mälim edildi.

Türkmenistan Bakuda SPECA ýurlarynyň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti duşenbe güni, 31-nji oktýabrda Bakuda geçirilen SPECA ýurtlary üçin ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.

Özbegistanda Merkezi Aziýada ulag we logistika ulgamlaryny ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
Golaýda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Iş toparynyň (SPEKA) Merkezi Aziýa sebitinde ulag we logistika aragatnaşygyny ösdürmek boýunça 27-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO), Yslam ösüş bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň we Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

«Transmaşholding» Türkmenistana bäş sany teplowoz iberdi
«Transmaşholding» (TMH) paýdarlar jemgyýetiniň düzümine girýän Brýansk maşyngurluşyk zawody Türkmenistanyň döwlet demirýol operatory bolan «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bäş sany 2ТЭ25КМ ýük teplowozyny iberdi. Bu barada «Transmaşholding»-iň resmi web sahypasynda habar berildi.

Türkmenistan IRU-nyň goldawy bilen transport pudagyny sanlylaşdyrýar
Türkmenistan Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň (IRU) goldawy bilen transport pudagyny sanlylaşdyrýar. Bu barada IRU habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.