Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Aşgabatda geçirilýän halkara foruma gatnaşyjy myhmanlar awtobana we Türkmenbaşydaky deňiz portuna baryp görerler
4-nji maýda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahat öz işini ugurdaş mejlisler arkaly dowam eder.
Üstaşyr-ulag ulgamy boýunça halkara maslahatda möhüm meselelere garaldy
Düýn günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahat öz işine başlady. Onda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň alymlary, bilermenler, işewürler çykyş etdiler. Maslahatda onlaýn görnüşdäki çykyşlara hem orun berildi.
Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň gurluşygy uly depginde alnyp barylýar
Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrundaky känlerde 12 sany daş owradyjy zawod işleýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Aşgabatdan Türkmenabada uzaýan awtobanyň ugrunda kuwwatly köprüleriň birnäçesi gurulýar
«Türkmenistan» gazetinde şu gün çap edilen makalada Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan köprüler barada maglumat berildi.
Ýurdumyzda giň möçberli pudaklaýyn maslahat hem-de sergi geçirilýär
3-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiziň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara gutlagy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahata we sergä gatnaşyjylary gutlady
Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň möçberi 3,5 esse artdy
Gazagystanyň Almata şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (ESKATO) demir ýol we multimodal ýük daşamalarda sanly özgertmeler, şeýle-de Demirgazyk we Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglarda ýük gatnawlaryny ösdürmek boýunça Bilermenler toparynyň ikinji ýygnagy geçirildi. Gibrid görnüşde geçirilen ýygnaga türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
«Dostluk kerweni» atly VI halkara awtoýörişe gatnaşyjylar ýurdumyza geldiler
Ýäňy-ýakynda «Dostluk kerweni» atly VI halkara awtoýörişe gatnaşyjylar «Farapawtoýollary» gümrük nokady arkaly ýurdumyza geldiler. Olar güler ýüz bilen garşy alyndy.
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda 32,34% ýokarlandy
Eýranyň Türkmenistan bilen söwdasy (çig nebit eksportyndan başga) häzirki Eýranyň senenamasynyň geçen maliýe ýylynda (2022-nji ýylyň 21-nji martyndan 2023-nji ýylyň 20-nji martyna çenli) geçen 2021-2022-nji ýyllar bilen deňeşdirilende 32,34 göterim ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Financial Tribune” agentligi geçen hepdäniň çarşenbe güni habar berdi.
ÝAŞ HÜNÄRMEN ÜSTÜNLIKLI ÝOLLARDA
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikler, giň şertler döredilýär. Bu bolsa öz işini ussatlarça alyp barýan ukyp-başarnykly, giň dünýägaraýyşly türkmen ýaşlaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Her bir adamyň üstünlige ýetmeginiň arkasynda bir syry bardyr, Watana il-gününe bolan ynamy, söýgüsi, ýadawsyz çekýän zähmeti, maşgalasyna bolan mähri çäksiz bolmaly.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.