Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
165486d55afe64.jpeg
2 ýyl ozal
Raýatlarymyza «sanly kart» we galtaşyksyz töleg hyzmatlary hödürlener

Hormatly Prezidentimiziň golaýda geçiren hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

1654864b99aba4.jpeg
2 ýyl ozal
Daşkentde YHG-niň ministrler duşuşygynda Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri tanyşdyryldy

2-nji noýabrda Özbegistanyň paýtagtynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki 12-nji duşuşygynyň mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistandan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekiliýeti gatnaşdy diýip, «Orient.tm» habar berýär.

16544bfc1c8b36.jpeg
2 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiz Berdimuhamedow «Türkmentel-2023» halkara forumyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

9-10-njy noýabrda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine alar.

165447f6cf1211.jpeg
2 ýyl ozal
"Balkan" zawody we "KOMEO" kompaniýasy 42 million dollarlyk şertnama baglaşdylar

"Balkan" gämigurluşyk we abatlaýyş zawody Deňiz enjamlary boýunça koreý assosiasiýasy (KOMEO) bilen 6,1 müň tonna umumy ýükleri daşamaga niýetlenen gämileriň taslamalaryny düzmek we bilelikde gurmak we degişli enjamlary getirmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu barada "Gukjanews" habarlar agentligi mälim edýär.

165447aba0e477.jpeg
2 ýyl ozal
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň kommunikasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde “Merkezi Aziýa – koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça mejlis geçirildi.

165447747c25e1.jpeg
2 ýyl ozal
Russiýa, Gyrgyzystan we Özbegistan Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesini ösdürer

Russiýa, Gyrgyzystan we Özbegistan «Russiýa — Hazar deňzi — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan» halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada «nCa» web saýty habar berdi.

1654475f0b6fd8.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenhowaýollary» gyş paslynda 7 ýurda ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar

1-nji noýabrdan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasy 7 ýurda — Russiýa Federasiýasyna, Türkiýä, Hytaýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Birleşen Arap Emirliklerine hem-de Hindistana ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň gyşky gatnawlarynyň täzelenen tertibinde mälim edildi.

165433840405f0.jpeg
2 ýyl ozal
Halkara deňiz söwda gatnaşygy pugtalandyrylar

Azerbaýjanda iş alyp barýan «Albayrak Holding» türk kompaniýalar topary Baku halkara deňiz söwda portundan harytlary has çalt eltip bermek üçin Hazaryň beýleki ýurtlaryna maýa goýar. Bu barada «Report.az» kompaniýa salgylanyp habar berdi.

16543366aa011b.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa gatnawlarynyň togtadylmagyny uzaltdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji noýabrda güýje giren we täzelenen meýilnamasyna laýyklykda Russiýanyň paýtagtyna uçuşlaryň togtadylmagyny uzaltdy. Bu barada awiakompaniýa resmi turkmenistanairlines.tm web sahypasynda habar berdi.

16541da69d2361.jpeg
2 ýyl ozal
Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag aragatnaşyklary boýunça maýa goýum forumy Brýusselde geçiriler

Ýewropa Komissiýasy 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde döwlet we hususy pudagyň wekillerini, yklymyň iki sebitiniň – Ýewropa we Merkezi Aziýa – arasynda durnukly ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak isleýän maýadarlary birleşdirjek maýa goýum forumyna taýýarlyk görýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.