Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmenistanyň we Özbegistanyň demirýolçylary ýük dolanyşygynyň ýokarlandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
«Demirýollary» AGPJ we «Uzbekiston temir ýullari» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri Daşkentde geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ýük dolanyşygynyň ýokarlandyrmagyň we onuň yzygiderli üpjün edilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Özbegistanyň demir ýol edarasynyň resmi saýty habar berýär.

«Demirgazyk – Günorta» ýük gatnawyny Aziýa gönükdirmek boýunça wajyp çözgütdir
Russiýanyň Federasiýa Geňeşinde «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag ugrunyň Russiýanyň ýük gatnawlaryny Aziýa we Ýakyn Gündogara gönükdirmekde wajyp ähmiýete eýe bolup durýandygyny beýan etdiler.

«Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynda 24-nji noýabrda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň bilelikde gurnamagynda «Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

ÝOLAGÇYLARYŇ DYKGATYNA !
Hormatly ildeşler «Awtomobil Ulag Hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şäherara ýolagçy awtobuslaryna petekleriň onlaýn satuwynyň ýola goýlandygyny habar berýär.

Türkmenabat halkara howa menzili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili sanawda görkezilen hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça açyk bäsleşik yglan edýär

TDG-niň çäkleri – esasy Ýewraziýa söwda we üstaşyr ugurlaryny ösdürmegiň giňişligi
Dünýäniň syýasy giňişliginde özbaşdak düzüm hömünde Türki döwletleriň guramasynyň peýda bolmagy taryhy ähmiýete eýedir, onuň täsirli halkara düzümine öwrülmegine bolsa öňe tarap uly ymtylyş hökmünde baha berilýär diýip, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň strategik barlaglar merkeziniň ýolbaşçysy Şiri Şiriýew “TDG-niň Samarkant sammiti: esasy netijeler we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi” atly halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

Türkmenistan ýükleri öz üstünden geçirmek mümkinçiligini giňeltdi
Türkmenistan halkara derejesinde ýük daşamak üçin açyk barlag nokatlarynyň sanawyny giňeltdi. Indi özbek ýük awtoulaglary Özbegistan bilen Türkmenistanyň serhedinden üç barlag nokadyndan we Türkmenistan bilen Eýranyň serhedinde bolsa azyndan iki barlag nokadyndan geçip biler. Şeýlelikde, Özbegistan Türkmenistanyň hödürleýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Azerbaýjana, soňra bolsa Gruziýa we Ermenistana we tersine ýük daşamalaryny amala aşyryp biler.

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görülýär
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Häzirki wagtda “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary astynda geçjek bu möhüm çärä taýýarlyk işleri dowam edýär. Türkmen halkynyň öz däp-dessurlaryna, baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlydygyny alamatlandyrýan ak öý bu çäräniň nyşany boldy.

Domodedowo howa menzili Moskwadan Türkmenbaşy şäherine täzelenen uçuş tertibini neşir etdi
Häzirki wagtda Russiýa bilen Türkmenistan iki awiakompaniýanyň göni uçuşlary bilen baglanyşýar. Domodedowo halkara howa menziliniň (RF) resmi web sahypasynda Türkmenistana uçuşlaryň täzelenen tertibi neşir edildi.

«Turkish Airlines» Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça iki sany çarter reýsini guraýar
«Turkish Airlines» Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça iki sany çarter reýsini amala aşyrar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.