Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1639412b29ffe7.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlar üçin biletleriň bahasyny arzanlatdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy amala aşyrýan halkara uçar gatnawlarynyň biletleriniň bahasyny arzanlatdy. Indi halkara gatnawlaryň awiabiletleriniň bahasynda 2,5 göterim arzanladyldy.

16393922194471.jpeg
2 ýyl ozal
Russiýa we Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça gatnawlary ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk eder

Rus demir ýollary we Türkmen demir ýollary “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça gatnawlary ösdürmekde we infrastrukturany gurmakda hyzmatdaşlyk ederler. Bu barada rus kompaniýasynyň habaryna salgylanyp, Praým ykdysady habarlar agentligi habar berýär.  

163929df896750.jpeg
2 ýyl ozal
Pakistan Owganystanyň üsti bilen Türkmenistandan suwuklandyrylan gazy import etmegi meýilleşdirýär

Pakistanyň hökümeti Owganystanyň üsti bilen Türkmenistandan suwuklandyrylan tebigy gazy import etmek üçin meýilnamalary taýýarlady diýip, Pakistanyň “Profit” žurnaly çarşenbe güni habar berdi.

163924d845e110.jpeg
2 ýyl ozal
«Sagdyn nesil – röwşen geljege badalga» atly sport çäresi geçirildi

8-nji dekabrda «Türkmenaragatanşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň sport zalynda, şol mekdebiň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda, gujurly-gaýratly, ugurtapyjy ýaşlary kemal getirmek, we olarda sporta bolan söýgüni ösdürmek maksady bilen «Sagdyn nesil – röwşen geljege badalga» atly sport çäresi geçirildi.

16390f0c2cab30.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy täze multimodal ulag geçelgesini döretmäge gyzyklanma bildirýärler

Ýakynda Gyrgyz Respublikasynyň ulag we kommunikasiýa ministri Tilek Tekebaýew iş sapary bilen ýurdumyzda bolup, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen gepleşikleri geçirdi. Saparyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň ulag we kommunikasiýa ministri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi diýip, ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

16390edabf225d.jpeg
2 ýyl ozal
Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-rus topary dörediler

Türkmenistan we Russiýa ulag, üstaşyr hem-de logistika meseleleri boýunça bilelikdäki toparynyň döredilmegi boýunça birnäçe işleri alyp barýarlar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda bu ugurda alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

163906b17dccbd.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan demir ýol konteýner ýük gatnawlary boýunça Ylalaşyga goşulyşmakçy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara gatnawlarda konteýner otly düzümlerinde konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşygyna goşulyşmak boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

163901fe886cb8.jpeg
2 ýyl ozal
Bitaraplyga bagyşlanan ylmy-amaly maslahat

Ýaňy-ýakynda “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda  Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuna bagyşlap ylymy-amaly maslahat geçirildi.

163901f1d19ab0.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy daşary ýurtlardaky petek satuw ofisleriniň sanawyny neşir etdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web sahypasynda daşary ýurtlarda hereket edýän petek satuw ofisleriniň sanawyny çap etdi.

1638f46782999c.jpeg
2 ýyl ozal
TMCELL täze internet nyrhnamalaryny hödürleýär

«Altyn asyr» ÝGPJ-i ilatyň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutmak bilen, 2022-nji ýylyň 5-nji dekabryndan başlap, täze internet paketlerini müşderilerine hödürleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.