Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1618d6879a8bfc.jpeg
3 ýyl ozal
PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIKLI ÝÖRELGELER

Sebitde we dünýäde parahatçylygy, halkara deňhukuklylygy saklamak, daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleri döretmek, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ulag-kommunikasiýa düzümlerini döretmek, medeniýet, bilim, ylym, ynsanperwerlik, sport we syýahatçylyk babatda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça alnyp barlan dünýä nusgalyk işler Türkmenistanyň halkara hukuk derejesiniň gymmatyny artdyrdy we taglymatlaryny dünýä ýaýmaga mümkinçilikleri döretdi.

1618d70326f757.jpeg
3 ýyl ozal
ÝURDUMYZYŇ ULAG-LOGISTIKA SYÝASATY SAZLAŞYKLY ÖSÜŞLERIŇ TÄZE BELENTLIKLERINE TARAP

Milli Liderimiziň ulag ulgamlarynyň köpugurly düzümlerini döretmek hakyndaky yzygiderli öňe sürýän başlangyçlary sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Munuň özi parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, howpsuzlygyň, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.

1618c006409a17.jpeg
3 ýyl ozal
HYZMATLARYŇ HILi ÝOKARLANÝAR

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täze röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

1618c7edc2ca60.jpeg
3 ýyl ozal
Aşgabatda pudaklaýyn halkara onlaýn maslahat geçirilýär

10-njy noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady.

1618c7e5a28797.jpeg
3 ýyl ozal
Ýük daşamagy düzgünleşdirmek maksady bilen, alynýan ýygymlar hem-de tölegler bellenildi

Ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri bilen ýük daşamagy düzgünleşdirmek hem-de ulag ulgamynyň halkara gatnawlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

1618c7d6f79561.jpeg
3 ýyl ozal
«Türkmenaragatnaşyk» agentligine «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglanyşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

1618c0aae0c328.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan we Eýran ýük ulgamyny sanlylaşdyrmak meselelerini maslahatlaşdylar

Duşuşykda bilelikdäki gümrük gözegçiligi üçin ýeke gümrük postunyň döredilmegi barada pikir alyşylyp, “e-TIR” ulgamyny ornaşdyrmak mümkinçiligine garaldy.

1618ada3de1d27.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenabatdan Moskwa ýene bir ýörite uçuş guralar

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinden Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde nobatdaky ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk gullugynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda habar berilýär diýip, "Atawatan-Türkmenistan" ýazýar.

1618a2e4b097d7.jpeg
3 ýyl ozal
SANLY ULGAM ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINDE

Milli Liderimiz häzirki zaman jemgyýedäki hakyky gymmatlyklaryň maddy baýlykda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini hem-de päk zähmetleriniň netijesindedigini parasatlylyk bilen belläp geçýär.

16188d092e5240.jpeg
3 ýyl ozal
ARKADAG PREZIDENTIMIZIŇ ALADASY BILEN ÝURDUMYZ AJAÝYP KEŞBE EÝE BOLÝAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, täze gurulýan desgalaryň ýanaşyk ýerlerinde bag ekmek, seýilgäh toplumlaryny döretmek möhüm talaba öwrüldi. Olaryň tebigy gözelligi ynsana oňyn täsirini ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.