Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Ulag düzüminiň sanly kartasy
Dünýä tejribesinde degişli desgalar barada geografik maglumatlary ýygnamak, saklamak, seljermek we grafik taýdan görmek üçin amatly görnüşe getirilen Geografik-maglumatly ulgamlaryň (GIS) giňden ulanylýandygy habar berildi. Bu ulgam degişli ýer bölekleriniň sanly kartasy görnüşinde bolup, onda desgalar barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilýär.
Türkmenistan we Özbegistan Hytaýdan Ýewropa ýükleriň daşalmagyny ilerletmekçi
Özbegistan we Türkmenistan “Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” ugry boýunça Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen ýük gatnawlary üçin amatly şertleri döretmegi meýilleşdirýärler. Bu mesele ulag we logistika boýunça özbek-türkmen iş toparynyň penşenbe güni sanly ulgam arkaly wideo konferensiýa görnüşinde geçirilen ýygnagyň dowamynda maslahatlaşyldy.
Paýtagtymyzda täze şäheriçi awtobus ugurlary ýola goýuldy
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, awtobus ugurlarynyň ýola goýlandygyny habar berdi.
TÜRKMENISTANYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY: Geçmişden aýdyň geljegi nazarlaýan başlangyçlar
Geografik taýdan amatly ýagdaýa eýe bolan ýurdumyz Orta Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklerine eýe bolup, olary has netijeli amala aşyrmaga çalyşýar.
Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna ýörite uçuş amala aşyrylar
2021-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça Sibir howa ýollarynyň indiki eksport uçuşy guralar. Degişli bildiriş Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň Telegram kanalynda ýerleşdirildi.
Türkmen-gazak ulag hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
Gazagystanyň logistika kompaniýalarynyň wekilleri üstaşyr ýükleri barada maglumat alyşmakda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi teklip etdiler. Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow anna güni Gazagystanyň öňdebaryjy logistika kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Onuň barşynda ulag we logistika pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Halkara aragatnaşyk hyzmatlarynyň täze öwüşgini
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda aragatnaşyk ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar we beýik sepgitlere ýetilýär. Munuň aýdyň subutnamasy bolup, 2021-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel - 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahaty geçirildi.
Bagta beslenen ýollar
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygy ýokary hilli ýerine ýetirildi we halkara ykrarnama eýe boldy. Şeýle uly taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ulag şahalarynyň dünýäniň ulag ulgamyna mynasyp goşulyşýandygyna güwä geçýär.
“Sanly çözgüt — 2021” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
2021-nji ýylyň 1-5-nji noýabry aralygynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan ýurduň ýaşlarynyň arasynda maglumat-telekommunikasiýa ulgamy boýunça geçirilen “Sanly çözgüt – 2021” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik saglygy goraýyş, ylym-bilim, ulag-logistika, elektron senagat, oba hojalyk, hyzmatlar ulgamy we robototehnika ýaly 7 ugur boýunça geçirildi.
MILLI LIDERIMIZIŇ ULAG DIPLOMATIÝASYNYŇ BAŞLANGYÇLARYNYŇ UGRY BILEN
Hormatly Prezidentimiz ählumumy gün tertibiniň energetika, ulag we suw meselelerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtap, olary Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.