Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň durnukly ösüşi
Bu barada ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ýubileý ýylynyň 10 aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe şu toplum boýunça hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň meýilnamasy 110,5 göterim ýerine ýetirildi.
Taksi hyzmatynyň «Okuwçy» nyrhnamasy ýola goýuldy
Ilatyň awtoulag hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, şeýle-de döwrüň ösen talaplaryndan ugur alyp, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan taksi hyzmatynyň täze «Okuwçy» nyrhnamasy ýola goýuldy.
BAGTYÝAR ZAMANADA YHLASLY ZÄHMET
«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň dürli kesp kärli işgärler ýolagçylara we ýük daşamakda ýokary hilli hyzmat etmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri zerur ýükleriň bellenilen ýerlerine öz wagtynda eltilmegini we ýolagçy gatnawyny ýokary hilli guramakda tutuş toplumyň öňünde durýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegini şertlendirýär.
ARKADAGYŇ BAGTYÝARLYK ÝOLLARY DÜNÝÄNIŇ LOGISTIKA ULGAMYNA SAZLAŞYKLY GOŞULÝAR
Milli Liderimiz dünýä ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam etjek üstaşyr ulag düzümlerini emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de olaryň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň hut özüniň başlangyjy bilen gurluşygyna badalga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty sebitiň logistika merkezidir
1,5 mln tonnadan gowrak türkmen nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr geçirildi
GÜNDOGAR SEBITIŇ ÝÜK HOWLULARY HALKYŇ HYZMATYNDA
Türkmenistan öz geografiki ýerleşişi boýunça Ýewropa bilen Aziýa yklymlaryny birleşdirýän ulag çatrygy bolmak bilen, sebitde dostlukly, özara bähbitli halkara gatnaşyklarynyň merkezine öwrülmäge doly mümkinçiligi bar. Bu mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalary amala aşyrylýar.
Aşgabatda ýene täze awtobus ugurlary işe girizildi
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň resmi web saýtynda bellenilişine görä, 1-nji noýabrdan Aşgabat şäherinde 75 we 80 belgili iki sany täze awtobus gatnawy ýola goýuldy.
TÜRKMENISTAN HALKARA ÄHMIÝETLI ÜSTAŞYR ULAG DÜZÜMINI DÖRETMEK IŞINI ÇALTLANDYRÝAR
Türkmen ilinde her bir günümiz ajaýyp wakalara beslenýär. Ýüreklerimiz umman deýin joşup, göwünlerimiz kalpdagynyň çürbaşynda galkynýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda asly nurdan bolan mähriban halkymyzyň ak arzuwlarynyň wysal tapmagydyr. Halk, Watan bähbidi bolsa hormatly Prezidentimiziň mydama ileri tutýan baş aladasydyr.
ÝOLUŇYZ AK BOLSUN!
- diýip, ýagşy dilegler bilen Arkadag Prezidentimiz Gadymy ýüpek ýolunyň täze şahasy bolan Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat - Tejen böleginiň açylmagyna ak pata berdi.
“Demirýollary” AGPJ bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy myhmanhanasynyň ýangyn howpsuzlyk we wideo gözegçilik ulgamlaryny täzelemek hem-de düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça açyk tender yglan edýär
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.